2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

HALK MASLAHATY — BEÝIK IŞLERIŇ BINÝADY

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ata Watanymyz ýokary ösüşlere eýe bolýar. Syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-gumanitar ugurda gazanylýan ösüşler Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüji, adalatly, parasatly, parahatçylyksöýüji we çuň ynsanperwerlige ýugrulan döwlet syýasatynyň aýdyň miweleridir we ilkinji nobatda, eziz halkymyzyň bagtyýar we bolelin durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzy kuwwatly, senagat taýdan ösen, dünýewi, hukuk, demokratik döwlete öwürmäge gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň barha rowaçlanmagy, halkara derejesinde gyzgyn goldawa mynasyp bolmagy, häzirki zamanyň görnükli syýasatçysy we döwlet ýolbaşçysy hökmünde abraý-mertebesiniň has-da artmagy halkymyzyň ýürek buýsanjyny ganatlandyrýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde milli demokratik ýörelgelerine esaslanyp, döwletimiz we halkymyz üçin wajyp kararlar kabul edildi. Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesi, Lebap welaýat prokuraturasy Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde «Halk Maslahaty — beýik işleriň binýady» atly dabaraly maslahat geçirdi. Onda çykyş edenler «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde garalan, ýurdumyzyň röwşen geljegini nazarlaýan başlangyçlar barada gürrüň berdiler. Şeýle hem kabul edilen kararlaryň we çözgütleriň ähmiýeti barada durup geçdiler. Maslahata gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Bahtyýar NURMAMEDÖW,

Türkmenistanyň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäherindäki ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Geňeşiniň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.