2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

ENE WASPYNYŇ JOŞGUNY

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynyň ýakymly wakalary many-mazmuna baýlygy bilen özüne çekýär. Bu ýylda hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň halkymуza gowuşmagy her bir adam üçin gymmatly sowgat boldy. Bu kitapda Gahryman Arkadagymyz ene mukaddesligini dünýä açyp görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz bu ajaýyp eseriň dowamynda mähriban käbesiniň öz durmuşynda eýeleýän orny barada süýji söhbetlere giň orun berýär.

Bu ajaýyp eser ähli gelin-gyzlarymyzyň, mährem enelerimiziň ýüreklerinde orun aldy.

Bu günler ýurdumyzyň ähli edara-kärhanalarynda hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby esasynda yglan edilýän bäsleşikler giň gerime eýe bolýar. Bäsleşiklerde gelin-gyzlarymyz enelerimizden miras galan el hünäriniň inçe syrlaryny açyp görkezýärler. Olar ene bilen perzendiň arasyndaky ynanyşykly gatnaşyklary açyp görkezýärler.

9-njy oktýabrda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky Magtymguly Pyragy muzeýiniň Mejlisler zalynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Balkan welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda, hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» kitaby esasynda «Gahryman ogly dünýä inderen Ogulabat ejä tagzym» atly maslahat geçirildi. Maslahata edara-kärhanalarda zähmet çekýän işjeň gelin-gyzlar jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri mährem eneler we ýaşlar gatnaşdylar Maslahatda çykyş edenler ene mukaddesligi, ene hüwdüsi, enäniň ynsan üçin näderejede beýiklikdigi barada söhbet etdiler. Hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesiniň öz perzentleriniň ilhalar adamlar bolup ýetişmegi babatda nusgalyk ýol-ýörelgesiniň her bir ene üçin mekdepdigini buýsanç bilen bellediler. Gyzlaryň eliniň hünärli bolmagynyň ene terbiýesinden gözbaş alýandygy çykyş edenleriň esasy üns merkezinde boldy. Maslahata gatnaşanlar Gahryman ogly terbiýeläp ýetişdiren Ogulabat ejäniň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Şol gün giçlik Magtymguly etrabynyň Gerkez obasynda «Ogulabat ejäniň ýörän ýoly ýörelge — eden işi nusgalyk» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada Magtymguly etrabynyň «Sumbar» halk folklor topary, şeýle-de etrabyň medeniýet bölüminiň sungat ussatlarynyň çykyşlary dabara gatnaşanlara uly ruhubelentlik paýlady.

«Gahryman ogly dünýä inderen Ogulabat ejä tagzym» atly maslahata gatnaşanlar Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän Parawbibiniň we Şibli babanyň aramgählerine zyýarat etdiler. Olar halkymyzy eşretli zamana ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň rowaç bolmagyny beýik Biribardan dileg etdiler.

Ýörite habarçymyz.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.