2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

HALALLYK ÝÖRELGÄMIZ

Ýakynda Tejen etrap we şäher häkimliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda şäher medeniýet öýünde «Halal işle — haýyr tap» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Onda edilen çykyşlarda jemgyýetimizde ýüze çykýan käbir nogsanlyklaryň, ters hereketleriň öňüni almakda we halkymyzyň geljekki nesilleriniň asylly, edep-terbiýeli bolup ýetişmeklerini gazanmakda, parahorlygy aradan aýyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, kanunçylyk binýadyny has-da berkitmekde, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we parahatsöýüjilikli daşary syýasatyndan ugur alyp raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde durmuşa geçirilýän işler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhda kemala gelmekleri ugrunda uly alada edip, ýurdumyzda sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy.

 

Ogulbagt AÝNAZAROWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň işgäri.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.