2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

ABADANÇYLYGYŇ WE ROWAÇLYGYŇ DIÝARY

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» şygary astynda geçýän 2018-nji ýylyň geçen sentýabr aýynda ýurdumyzyň şöhratly ýyl ýazgysynyň senenamasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy durnukly ösdürmek boýunça amala aşyrýan özgertmeleriniň uly üstünlige eýe bolýandygyna şaýatlyk edýän täze aýdyň sahypalar ýazyldy.

1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden hem-de dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Paýtagtymyzda mekdep okuwçylary we talyp ýaşlar Garaşsyzlyk binasyna hem-de Berdimuhamet Annaýewiň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynyň 27-nji orta mekdebindäki ýadygärligine gül desselerini goýmak dabarasyna gatnaşdylar.

Däp bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň adyndan orta mekdepleriň 1-nji synpyna baran okuwçylaryň 146 müň 873-sine kompýuterler sowgat berildi. Ýurdumyzyň bilim edaralarynda ilkinji sapaklar «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» şygary astynda geçirildi.

2-nji sentýabrda, ýekşenbe güni milli Liderimiz ahalteke atçylyk toplumyna bardy we şol ýerde edebi döredijilik bilen meşgullandy hem-de ajaýyp ahalteke bedewi bilen didarlaşdy. 4-nji sentýabrda hormatly Preziden­timiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyzda iri gurluşyklaryň birnäçesinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bi­len gyzyklandy we birnäçe taslamalar bilen tanyşdy.

Paýtagtymyzyň häkimi hormatly Prezidentimiziň garamagyna ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň gurluşygy bilen bir hatarda, söwda merkeziniň, Parahat 7 ýaşaýyş toplumynda gurluşygy tamamlanan metjidiň görnüşini, beýleki desgalaryň taslamalaryny, şeýle hem täze döwrebap myhmanhananyň ýerleşjek ýeri niň çyzgylaryny görkezdi.

5-nji sentýabrda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2018-nji ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Ýaragly Güýçleriň ýakyn geljek üçin işiniň esasy ugurlary anyklaşdyryldy.

Şol gün Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda pagta ýygymyna badalga berildi. Toprak-howa şertlerine görä, Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna 16-njy sentýabrda girişildi.

5-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» aýdym-saz bäsleşigi ajaýyp gala-konsert bilen tamamlandy.

6 — 8-nji sentýabrda Aşgabatda «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugur­lary» atly halkara sergi we maslahat üstünlikli geçirildi. Ol ýurdumyzyň elektrik energetika pudagynyň ägirt uly kuwwatyny, onuň ösüşiniň geljegini, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlaryny görkezmek üçin täsirli meýdança öwrüldi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 7-nji sentýabrda bolan mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Hususan-da, makroykdysady görkezijilere laýyklykda, jemi içerki önümiň 6,2 göterim artandygy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 4,4 göterim ýokarlanandygy bellenildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 1 mil­liard 201,1 million manada barabar boldy.

8-nji sentýabrda ýurdumyzda Energetika işgärleriniň güni bellenilip geçildi. Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ma­ry döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde gurlan, kuwwaty 1574 megawata barabar bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän ýurdumyzdaky ilkinji bug-gaz elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

10-njy sentýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň baş meýdançasynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine badalga bermäge bagyşlanan dabara geçirildi.

14-nji sentýabrda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi. Onda ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny taýýarlamak, ýangyç-energetika ulgamynda, obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

 

Jumanazar GARAJAÝEW,

«Aşgabat» gazetiniň syýasy synçysy,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi.

 




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.