2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

BUÝSANJA BESLENEN MASLAHAT

Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdepde welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de Balkanabat şäheriniň ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň geňeşiniň bilelikde guramaklarynda maslahat geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Halk Maslahatyna gatnaşyjylar, mährem eneler, mugallymlardyr okuwçylar gatnaşdylar.

Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän täze—«Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynyň hem-de «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynyň halkymyzyň ýan kitabyna öwrüljekdigini, aýratynam ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap derejede bilim-terbiýe bermekde ähmiýetiniň uludygyny buýsanç bilen bellediler.

Häzirki döwürde ylmy ösdürmegiň ýurduň ykdysadyýetiniň batly depginler bilen öňe gitmeginiň esasy şerti hökmünde ileri tutulmagy özüniň oňat netijesini berýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada öz miwesini berýär. Ýurdumyzda ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär. Milli Liderimiziň «Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynyň hem-de «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynyň ýaşlara bilim-terbiýe bermekdäki ähmiýeti örän uludyr. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp, janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il bähbitli işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw etdiler.

 

Nursoltan DEPBIÝEWA,

«Balkan» gazeti.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.