2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

DÖWLET SYLAGYNA MYNASYP BOLDULAR

26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mejlisler zalynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli sylag gowşurylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň öň ýanynda gowşurylan sylaglar Diýarymyzyň ähli ulgamlarynda ýetilen beýik özgertmeleri, ösüşleriň batly depginini beýan etdi.

 

Saparmuhammet BABAÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň kärdeşler arkalaşygynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň hukuk gözegçisi:

— Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda, öňe barýan Diýarymyzda toýlar goşa-goşadan gelýär. Ýurdumyzyň ylym-bilim, medeniýet, oba hojalygy, sport, syýahatçylyk, ykdysadyýet ugurlary görlüp-eşidilmedik derejede ösýär. Bu ösüşler her bir türkmen raýatynyň başyny göge ýetirýär. Ýurdumyzyň dürli pudaklarynda göreldeli zähmet çekýän ildeşlerimiziň birnäçesi bilen birlikde maňa-da Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly gowşuryldy. Şeýle döwlet sylagyna mynasyp bolmagym çekýän zähmetime berlen ýokary baha diýip hasap edýärin. Şeýle ajaýyp durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Oguljan ANNAÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy şäher birleşmesiniň baş buhgalteri:

— Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşiň täze belentliklerine barýan ýurdumyzda bagtyýarlyk mukamy belentden-belent ýaňlanýar. Durmuşymyzyň her bir güni şanly wakalara, ajaýyp üstünliklere beslenýär. Bu bagtyýarlyga kalby joşýan halkymyz mähriban Arkadagymyzyň adyny diliniň senasyna öwrüp, çäksiz hoşallygyny goşgudyr gazallar, aýdym-sazlar bilen beýan edýär. Şu gün Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mejlisler zalynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli sylag gowşurylyş dabarasy boldy. Maňa hem Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly gowşuryldy. Şeýle medala mynasyp bolmagym meni geljekde has-da yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Bizi täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýan, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak barada uly aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

 

Ogulsoltan IŞIMOWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Merkezi derňew toparynyň esasy derňewçisi:

— Ösüşleriň belentliklerine sary öňe barýan Watanymyzyň her bir güni şatlykly wakalara beslenýär. Ajaýyp zamanamyzda işlemegiň, zähmet çekmegiň, ýaşamagyň lezzeti bir başga. Biziň ýurdumyzda halal zähmete goýulýan hormat, baha ýokary. Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllyk baýramynyň öňisyrasynda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen ildeşlerimiziň ençemesi döwlet sylagyna we hormatly atlara mynasyp boldy. Men hem Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna mynasyp boldum. Bize beren döwlet sylaglary üçin, şeýle-de şunuň ýaly döwürde işlemäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin mähriban Arkadagymyza çäksiz sagbolsun aýdýarys!

 

Ýazmuhammet ATAÝEW,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy:

— Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda zähmet çekýän raýatlaryň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak, olaryň döwrebap dynç almaklary üçin döredilýän mümkinçilikler raýatlarymyzyň köňül guşuny ganatlandyryp, olary döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda meniň durmuşymda şatlykly waka bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, men Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandym, ýokary sylaga mynasyp bolmagym meni täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Biz hem hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödemek ugrunda gijämizi gündiz edip yhlasly zähmet çekeris. Gahryman Arkadagymyzyň ömri uzak bolsun!

 

Berdimyrat ÝAKUBOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň býujet edaralary boýunça utgaşdyryjysy:

— Berkarar döwletimiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz uly ösüşlere beslenýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesiniň aýdyň beýanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, bu ösüş-özgerişlere goşandymyzy goşmak biziň esasy borjumyz. Hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda men Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandym. Şanly Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda mähriban Arkadagymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty meni diýseň guwandyrýar. Munuň üçin hormatly Prezidentimize alkyşymyz çäksizdir.

 

Geldimyrat SEÝTIÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Nebit-gaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça tehniki gözegçisi:

— Bagtyýarlygyň goýnunda halal zähmet çekýän her bir raýatymyzyň sarpasy belent tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, raýatlarymyzyň zähmet şertlerini has-da gowulandyrmak, zähmet goraglylygyny kanuny esasda berkitmek ugrunda köp işler alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzyň ähli ulgamlarynda zähmet çekýän hünärmenleriň öz kärine bolan söýgüsini artdyrmak hem-de çekýän halal zähmetlerine baha bermek maksady bilen, Gahryman Arkadagymyzyň Permany esasynda olara döwlet sylaglary gowşurylýar. Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda maňa hem Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanmak bagty miýesser etdi. Şeýle ýokary sylaga mynasyp bolandygym üçin meniň begenjimiň çägi ýok. Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwlet syýasatyny hem-de ýurdumyzyň ählitaraplaýyn ösüşini wagyz etmek, ýurdumyzyň halkara abraýynyň mundan beýläk hem ýokary göterilmegini gazanmak ugrunda yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris. Halkymyza ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

 

Taýýarlan Jeren ATAÝEWA,

«Watan».




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.