2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK

Şu günler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ähli künjeginde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk dowam edýär. Munuň çäklerinde mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda, şeýle hem edara-kärhanalarda köçe-ýol hereketiniň düzgünle­rini berjaý etmek kadalaryny düşündirmäge bagyşlanylan dürli wagyz-nesihat, düşündiriş işleri giňden ýaýbaňlandyryldy.

Ýakynda Gökdepe etrabynyň mekdep okuwçylarynyň arasynda etrabyň 33-nji orta mekdebinde biraýlyk mynasybetli kärdeşler arkalaşygynyň etrap birleşmesiniň we bilim işgärleriniň bilelikde guramagynda duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyga etrap Polisiýasynyň ýol gözegçilik gullugyndan, jemgyýetçilik guramalaryndan, ýaşuly mugallymlardan myhmanlar çagyryldy. Duşuşykda ýaşuly mugallymlar köçe-ýol hereketiniň düzgünleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem bu biraýlyk bilen baglanyşykly etrabyň 33-nji orta mekdebiniň guran sergileri duşuşyga gelenlerde uly täsir galdyrdy.

 

Aýna NÖKEROWA,

Gökdepe etrabynyň 33-nji orta mekdebiniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.