2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

SPORT ŞAHSYÝETI TERBIÝELEÝÄR

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan Türkmenistan döwletimizde bagtyýar halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak hem-de ähli zadyň sakasynda duran adam saglygyny goramak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Prezidentimize biz — sport işgärleriniň alkyş sözleri egsilmezdir. Türkmen türgenleriniň sportda gazanýan üstünlikleri, halkara ýaryşlaryndaky ýeňişleri Watanymyzyň dünýädäki abraýyny arşa göterýär.

Ussat tälimçilerimiz ýaşlary sporta işjeň çekip, olardan erjel türgenleri ýetişdirýärler. Sport sagdyn ýaşaýşyň, döwrebap dünýägaraýşyň kemala gelmeginiň esasyny düzýär. Sport bilen meşgullanmak häsiýetiňi terbiýelemegi hem öz içine alýar. Öz tälim öwredýän ýaşlarynda erjel, tutanýerli häsiýetleri, maksada okgunlylygy terbiýeleýän tälimçileriň biri-de, etrabymyzdaky döwrebap 2-nji sport mekdebiniň sportuň uniwersal söweşi boýunça tälimçisi Nagmat Hojamämmedowdyr.

Nagmat Hojamämmedow öz işine jogapkärli çemeleşýär. Dogruçyllygy, akgöwünliligi, kärine yhlaslylygy bilen özüni aldyrýar, ýoldaşlarynyň, türgenleriniň arasynda uly abraýdan peýdalanýar. Ol indi 20 ýyl bäri ýaşlara kabaddi sport oýunlaryndan hem-de uniwersal söweş boýunça tälim berip gelýär. Onuň tälimçilik edýän toparyna dürli ýaşdaky oglan-gyzlaryň 50-ä golaýy gatnap, olar ussat tälimçiden tälim alýarlar. Onuň taýýarlan türgenleri welaýat, döwlet derejesinde guralýan ýaryşlarda, halkara ýaryşlarynda görkezen netijeleri boýunça ýokary baha eýe bolup, baýrakly orunlary bilen guwandyryp gelýärler.

— Kabaddi sport oýunlary diýlende türkmenleriň «gabady» atly milli oýny göz öňüňe gelýär. Aziýa oýunlarynyň düzümine girizilen bu sport oýny ýaşlarda uly gyzyklanma döredýär. Şeýle ýaşlara tälim berýändigime buýsanýaryn. Kabaddi sport oýunlary we uniwersal söweş görnüşinden türgenlerimiz welaýatyň birinjiligini almak ugrundaky, ýurt möçberindäki çempionatlarda, kubok ýaryşlarynda öňdeligi elden bermeýärler. Diňe bu däl. Türgenlerimiz halkara ýaryşlarynyň 10-syna gatnaşyp, baýrakly orunlary elden bermediler. Latwiýa, Gruziýa döwletlerinde, Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen ýaryşlarda, Aşgabat şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda hem ýeňiji bolup, dürli medallara eýe boldular. Ýeňiji bolan türgenlerimizi etrabyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň başlygy Hudaýberdi Amanow gutlap, Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglady. Sport äleminde ukyp-başarnygy bilen ýeňiş üste ýeňiş, baýrak yzyna baýrak alýan türgenlerimiz hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarlar — diýip, halypa tälimçi buýsanç bilen gürrüň berýär.

Hawa, kabaddi sport oýunlary, uniwersal söweş görnüşi boýunça welaýatyň ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Nagmat Hojamämmedowyň sport äleminde gazanan öz şahsy ýeňişleri-de söhbet açmaga mynasyp. Çünki, dürli ýyllarda geçirilen ýaryşlarda gazanan medallary onuň sportdaky üstünliginden söz açýar. Bizem kärdeşimiz, ussat tälimçi N. Hojamämmedowa özünden hem ökde türgenleri terbiýeläp ýetişdirmegi arzuw edýäris. Çünki, il aýtmyşlaýyn, her bir kesp-kärde şägirt halypadan ozdurmalydyr.

 

Aýna Hojalyýewa,

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň işgäri, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.