2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

GIŇDEN ÝAZYP DESSERHANY

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilýän bagtyýarlygynyň saýasynda toýlarymyz toýa ulaşýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň ýokary guramaçylyk ýagdaýda üstünlikli geçirilmegine uly taýýarlyk işleriniň geçirilýän günlerinde päk niýetliligiň, sahawatlylygyň, agzybirligiň we jebisligiň nuruny dünýä dolduryp, Gurban baýramy dowam edýär. Berkarar dӧwletimiziň bagtyýarlyk dӧwrüniň belent ӧsüşlerine, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda bitirilýän işlere buýsanýan il-ulsumyzyň uludan-kiçä hemmesiniň gӧzlerinde şatlyk duýgusy uçganaklaýar. Mukaddes Gurban baýramynda adamlar dogan-garyndaşlaryny, dost-ýarlaryny, goňşy-golamlaryny saçak başyna çagyryp, agzybirligiň, jebisli­giň asyl nusgasyny gӧrkezýärler. Bu baýram pederlerimizden miras galan ruhy baýlyklarymyza aýawly çemeleşýändigimizi we geljek nesillere ýetirmek barada dӧwlet derejesinde uly işleriň durmuşa geçirilýändigini dünýä aýan edýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen Gurban baýramy her ýyl şatlyk-şowhuna beslenýär. Bu baýramda naz-nygmatly baýramçylyk saçagynyň başynda didarlaşmaga, birek-biregiňkä myhmançylyga barmaga, baýramçylyk bilen gutlamaga uly mümkinçiligiň bolmagy her bir adamda aýratyn buýsanç duýgusyny dӧredýär. Türkmen halkynda «Gazananyň toýa ýarasyn!» diýen dürdäne pähim bar. Bu ýagşy dilegiň many-mazmuny barada oýlananyňda, halallygy durmuş ýӧrelgesine ӧwren ildeşlerimiziň päk zähmetinden gurbanlyk bermegi sogaply ýӧrelgelere ӧwrülýändigine buýsanýarsyň. Gurban baýramynyň toý saçaklary dürli-dümen nygmatlardan doly. Saçaklaryň bezegi — mukaddes topragymyzda ӧndürilýän ak bugdaýyň unundan bişirilen mele-myssyk çӧrek, pişmedir gatlama, çelpekdir çapady halkymyzyň bolelin durmuşyndan habar berýär. Ýüreklere ýagty ýalkym saçyp, kӧňülleri päkleýän ynsanperwerligiň baýramy bolan Gurban baýramyňyz mübärek bolsun! Halkymyzy bagtyýar zamana ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ӧmri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

 

Täzegül UTEÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kӧneürgenç etrap birleşmesiniň hünärmeni.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.