2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

BAÝRAMÇYLYK MYNASYBETLI

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň, etrabyň medeniýet bölüminiň hem­de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda «Türkmen ili toý toýlaýar» ady bilen Gurban baýramy mynasybetli aýdym­sazly dabara geçirildi.

Hywaabat jülgesinde geçirilen baýramçylyk dabarasyna etrap häkimliginiň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri, il sylagly ýaşulular we mährem eneler, edara­ kärhanalarda dürli kärde zähmet çekýän işgärler gatnaşdylar. Baýramçylyk dabarasynyň geçýän ýerinde toý gazanlary atarylyp, toý saçagy giňden ýazyldy. Dürli naz­nygmatlar bilen bezelen toý saçagynyň başynda oturan mährem enelerimizdir ýaşuly nesliň wekilleri baýramçylyk gutlaglary bilen çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň asuda, parahat, eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan beýik işleri üçin hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Dabarada etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym­sazly çykyşlary ýaýbaňlandy. Ata Watanymyzy, ajaýyp zamanamyzy, Arkadag Prezidentimizi wasp edýän aýdym­ sazlar dabara gatnaşyjylaryň göwünlerini ganatlandyrdy.

 

Döwran ATAÝEW,

Türkmenistanyň  Kärdeşler  arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.