2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

DEMOKRATIK ÖZGERTMELERIŇ ÝOLY BILEN

Täze taryhy döwrümizde Türkmenistan Watanymyzy kuwwatly ýurda öwürmek, ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek, bazar gatnaşyklaryna geçmegi çaltlandyrmak ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky maksatnamalaýyn çäreleriniň durmuş ýüzünde üstünlikli amala aşyrylmagy we işjeň häsiýete eýe bolmagy juda guwandyryjydyr.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynda geçirilen Ýaşulular maslahatynda kabul edilen taryhy çözgütler ýurdumyzyň ösüşiniň täze döwründe möhüm waka öwrülip, ajaýyp özgertmelere özboluşly badalga boldy. Şol taryhy maslahatda kabul edilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018—2024­nji ýyllarda durmuş­ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» bu gün üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maksatnamada 2018— 2024­nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş­ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatlary kesgitlendi, öňde duran wezipeler, esasy ýörelgeler, ileri tutulýan ugurlar we garaşylýan netijeler beýan edildi, şeýle hem şol maksatlary durmuşa geçirmek boýunça çäreler göz öňünde tutuldy. Onda 7 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ýyllyk ösüş depginini ýokary derejede saklamak meýilleşdirilendir. Häzirki wagtda şol maksatnamada göz öňüne tutulyşy ýaly, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrjak desgalaryň birnäçesi Ahal welaýatynda gurulýar. Şol desgalaryň hatarynda Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çäginde gurulýan tebigy gazdan benzin öndürjek zawotdyr. Sebitde deňi-taýy bolmadyk bu zawodda tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa A­92 kysymly benzin öndürmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 5­nji iýulynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024­nji ýyllarda durmuş­ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünde durup geçmek bilen, ýylyň birinji ýarymynda bu maksatnama laýyklykda, döwletimiziň ählumumy ykdysadyýetiň ösüşinde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän dürli harytlary öndürýän innowasion senagat kärhanalaryny döretmek boýunça belli bir derejede işleriň amala aşyrylandygy, munuň özi bize esasy maksadymyza ýetmäge — mähriban halkymyzyň durmuşynyň mynasyp derejesini we hilini üpjün edýän, güýçli ýaşaýyş­durmuş maksatly ykdysadyýeti bolan dünýäniň ösen demokratik döwletleriniň derejesine çykmaga gönükdirilen örän möhüm özgertmeleri amala aşyrmakda nobatdaky ädimleri ätmäge mümkinçilik berendigi barada aýtdy.

Ýaşulular maslahatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek boýunça teklibiň aýdylmagy, şol esasynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň kabul edilmegi taryhy ähmiýetli waka bolup dabaralandy. Häzirki wagtda Halk Maslahatynyň birinji mejlisine uludan taýýarlyk görülýär. Onuň paýtagtymyz Aşgabatda geçirilmegi has­da guwandyrýar.

Halk Maslahatynyň döredilmegi häzirki döwürde üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş­ykdysady, demokratik özgertmeleriň oňyn netijelerine, jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna, ýurdumyzda raýat jemgyýetini ösdürmäge, syýasy, ykdysady, demokratik özgertmeleri çuňlaşdyrmaga uly ähmiýetiň berilýändiginiň aýdyň alamaty bolup durýar. Ol ata­ babalarymyzyň köp asyrlaryň dowamynda toplan baý taryhy tejribesiniň, milli ýörelgeleriň dabaralanmasy hökmünde uly gyzyklanma döredýär. Taryha nazar aýlanymyzda hem, halkymyzyň möhüm wezipeleri ilatyň giň gatlaklarynyň, şol sanda ýaşulularyň gatnaşmagynda maslahatlaşyp çözülendigine göz ýetirýäris. Bu ýörelgäniň täze taryhy döwrümizde dowam etdirilmegi we täzeçe mazmunda baýlaşdyrylmagy juda buýsandyryjy  ýagdaýdyr.

Arkadag Prezidentimiziň başda durmagynda ata Watanymyz özygtyýarly döwlet hökmünde öz milli ýoly bilen öňe barýar, aýdyň we eşretli geljegini gurýar. Bu ýol parahatçylyk söýüjilikli, bitaraplyk, demokratik ýörelgelere esaslanýar hem­de milli Liderimiziň döredijilikli başlangyçlary bilen barha dabaralanýar. Bu gün ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler diňe bir halkymyzyň ýaşaýyş­durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna däl, Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki abraý­mertebesiniň ýokary göterilmegine hem oňaýly täsir edýär. 2015­nji ýylyň iýun aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69­njy mejlisinde dünýäniň 47 döwletiniň awtordaş bolmagynda, 193 döwlet tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly Rezolýusiýanyň biragyzdan gaýtadan kabul edilmegi daşary syýasatynda «açyk gapylar» syýasatyny alyp barýan Garaşsyz döwletimiziň halkara abraýynyň ýokarydygynyň aýdyň subutnamasydyr, döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan oňyn bitaraplyk, parahatçylygy söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine we giň halkara hyzmatdaşlygyna esaslanýan daşary syýasy ugrunyň ajaýyp netijesidir.

Öňde duran jemgyýetçilik­syýasy çäre — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisi ýurdumyzy mundan beýläk­de gülledip ösdürmegiň ýolunda möhüm ähmiýetli waka bolar. Onuň guramaçylykly geçmeginde welaýatymyzda hem degişli işler geçirilýär. Taýýarlyk işleriniň çäginde Halk Maslahatyna gatnaşjak wekilleri hödürlemek we saýlamak boýunça ýygnaklar geçirilýär. Olaryň barşynda welaýat, etrap we şäher jemgyýetçilik guramalary, şeýle­ de syýasy partiýalar tarapyndan ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda saldamly goşant goşýan iň mynasyp raýatlar wekillige görkezildi. Öňde boljak Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň taryhy ähmiýetli geňeş boljakdygyna, onda il­ýurt ähmiýetli çözgütleriň kabul ediljekdigine ynanýarys. Beýik ösüş­özgertmeleriň ýoly bilen ata Watanymyzy barha belent sepgitlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, döwletli tutumlary mundan beýläk­de rowaç alsyn!

 

Baýramsoltan MYRADOWA,

Türkmenistanyň  Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.