2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

DÜNÝÄDE YKRAR EDILEN MERTEBE

Şu ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky — 73-nji mejlisi öz işine başlar. Öňden gelýän däbe görä, halkara durmuşynyň bu möhüm wakasynyň öňüsyrasynda Türkmenistan öňümizdäki syýasy möwsümiň dowamynda ýurdumyzyň durmuşa geçirjek ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi.

Şeýle açyklyk, dünýä ösüşiniň wajyp meselelerini bilelikde çözmäge taýýarlyk halkara bileleşiginde ýokary baha mynasyp bolýar. Munuň özi Milletler Bileleşiginiň jogapkärli agzasy hökmünde Bitarap döwletimiziň abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.

Ileri tutulýan garaýyşlarda Türkmenistanyň tagallalarynyň terrorçylyga hem-de neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek meselelerinde özara hereketleri utgaşdyrmagyň netijeli gurallaryny gözlemek boýunça bilelikdäki işe gönükdirilendigi bellenilýär. Bu işde Birleşen Milletler Guramasyna möhüm orun degişlidir. Tutuş dünýä bileleşiginiň BMG-niň Tertipnamasyny, Howpsuzlyk Geňeşiniň kararnamalarynyň, halkara hukugynyň degişli ýörelgeleriniň we kadalarynyň berjaý edilmeginiň esasynda alyp barýan işleri ählumumy terrorçylyk wehimine garşy durup biler.

Türkmenistanyň BMG-niň Ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasyny durmuşa geçirmek meselelerinde BMG-niň Terrorçylyga garşy müdiriýeti bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýandygyny bellemek gerek. 2011-nji ýylyň Aşgabat Jarnamasy hem-de Merkezi Aziýada terrorçylyga garşy göreşmek boýunça hereketleriň Meýilnamasy terrorçylyk howpuny aradan aýyrmak üçin köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmäge saldamly goşant boldy.

Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýa döwletleri hem-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Bilelikdäki meýilnamanyň ileri tutulýan ugurlary 2017-nji ýylyň iýunynda BMG-niň Baş Sekretary Antonio Guterreşiň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen terrorçylyga garşy göreşmek boýunça ýokary derejeli gepleşikleriň barşynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, 2018-nji ýylyň 30-njy aprelinde Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki maslahaty hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasyny amala aşyrmak boýunça Merkezi Aziýa üçin hereketleriň Bilelikdäki meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň üçünji tapgyrynyň tanyşdyrylyşyny bellemek möhümdir.

Neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy ynjalyksyzlyk döretmegini dowam edip, halkara parahatçylygyna hem-de howpsuzlygyna uly howplaryň biri bolmagynda galýar. Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan BMG-niň neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdiriýeti bilen netijeli we maksadaokgunly hyzmatdaşlyk edýär. Onuň çäklerinde milli hem-de sebit derejelerindäki giň möçberli maksatnamalar we taslamalar durmuşa geçirildi we bu iş üstünlikli dowam etdirilýär.

Ýurdumyz neşe serişdelerine garşy göreşmek meselesi boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmek ugrunda işjeň çykyş etdi we hormatly Prezidentimiziň başlangyçlarynyň çäklerinde neşe howpuny aradan aýyrmaga gönükdirilen halkara konwensiýalaryny we ylalaşyklaryny durmuşa geçirmek boýunça işini yzygiderli dowam etdirer. Hususan-da, Türkmenistan BMG-niň Bitewi neşe serişdelerine garşy strategiýasyny döretmek ugrunda çykyş eder.

Türkmenistan neşelere garşy göreşmek boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryna işjeň gatnaşmak maksadynda 2020 — 2023-nji ýyllar üçin BMG-niň neşe serişdeleri boýunça komissiýasyna agza bolmak ugrunda çykyş eder.

Gapma-garşylykly ýagdaýlaryň öňüni almakda, olaryň döremeginiň sebäplerini aradan aýyrmakda, ýurtlaryň arasynda ynanyşmak ýagdaýyny döretmekde, ähli ulgamlarda, şol sanda terrorçylyga we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barmakda döwletleriň netijeli gatnaşyklary üçin oňaýly şertleri kemala getirmekde ýurdumyzyň öňüni alyş diplomatiýasyna uly ähmiýet berýändigini aýratyn nygtamalydyrys.

Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa sebitinde ýokarda agzalyp geçilen wezipeleri ýerine ýetirmekde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň işiniň ähmiýeti barha ýokarlanýar. Ýurdumyz geçen ýyl howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek işinde wajyp meseleleri çözmekde öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny goldamak bilen degişli kararnamany işläp taýýarlamak we kabul etmek mümkinçiligine garamagy teklip etdi.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan neşe serişdelerine garşy göreşmäge gönükdirilen hukuk, dolandyryş, ykdysady, medeni-bilim we lukmançylyk serişdelerini işläp taýýarlamak hem-de kabul etmek maksady bilen hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini döretmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi teklip eder.

 

Jumanazar GARAJAÝEW,

«Aşgabat» gazetiniň syýasy synçysy,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.