2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

MÖWSÜME TAÝÝARLYK MÖHÜM WEZIPEDIR

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň bilelikde guramagynda 2018-nji ýylyň pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek, möwsümde tehniki howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek, ýangyna garşy göreşmek bilen baglanyşykly maslahat geçirildi. Etrabyň Medeniýet öýünde geçirilen maslahata etrabyň daýhan birleşikleriniň hem-de tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk düzgünlerini berjaý edilişine gözegçilik edýän hünärmenleri, kärendeçiler, mehanizatorlar we bu işe dahylly beýleki adamlar gatnaşdy.

Maslahatda çykyş edenler  «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda pagta ýygymy möwsümine guramaçylykly girişip, ýetişdirilen gowaça hasylynyň her bir hanasyny öz wagtynda zaýasyz ýygnamak, ýygymyň barşynda kärendeçileriň, ýygymçylaryň, mehanizatorlaryň arasynda ongünlük bäsleşikleri yglan edip, onuň ýeňijilerini höweslendirmek barada aýdyldy.

Maslahatda iş ýerlerinde zähmet şertleri, ony goramak, gowaça hasylyny ýygnamakda işlejek tehnikalaryň ilkinji ýangyn söndüriji serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça hünärmenleriň çykyşlary diňlendi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Döwran ATAÝEW,

Türkmenistanyň  Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.