2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

HOWPSUZ IŞ SERTLERI

Ýakynda «Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» diýen at bilen Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalarda: Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Ýüplük hem-de Dokma fabriklerinde, Bäherden etrabyndaky «1-nji Göçmesuwgurluşyk» önümçilik birleşiginde, «Tehniki hyzmat ediş» kärhanasynda, «Kelete» sement zawodynda we «Bäherden» sement zawodynda çäreler geçirildi.

Olarda zähmeti goramak boýunça kadalaryň we düzgünleriň berjaý edilişi, her bir iş ornunda zähmeti goramagyň degişli talaplaryna laýyk gelýän guramaçylyk-tehniki sanitariýa-arassaçylyk, bejeriş-öňüni alyş, dikeldiş we howpsuz zähmet şertleriniň üpjün edilişi, zähmeti goramak boýunça gollanmalaryň göwnejaý ýöredilişi, önümçilikde hadysalaryň we hünär keselleriniň öňüni almak boýunça geçirilýän işler dogrusynda giňişleýin gürrüň berildi.

Çärä gatnaşanlar ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň sakasynda duran hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Döwletnazar BABANAZAROW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat Bäherden etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.

 




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.