2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

MAŞGALA BINÝADYNYŇ GORAGY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe nesilleriň bagtyýarlygy, maşgala binýadynyň berkligi, il agzybirligi babatda düýpli işler durmuşa geçirilýär. Her bir maşgalanyň ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamagy, her bir adamyň howpsuz zähmet şertlerinde işlemegi we mynasyp dynç almagy döwlet syýasatynyň möhüm ugry hasaplanýar. Gahryman Arkadagymyz jemgyýetiň sagdynlygynyň maşgaladan başlanýandygyny, ýaş nesilleriň ata-babalarymyzyň nusgalyk ýol-ýörelgeleri esasynda terbiýelenmelidigini nygtaýar. Hormatly Prezidentimiz bu işde ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde hem uly jogapkärçiligiň durýandygyna ünsi çekýär.

Düýn Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we ýurdumyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň, Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň bilelikde guramagynda, «Halal maşgala — abadan döwlet» diýen at bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylary we işjeň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, mährem eneler we ýaşlar gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda mähriban Watanymyzyň gün-günden özgerýändigi, ýurdumyzyň çar künjünde gurlup ulanylmaga berilýän dürli binalardyr desgalaryň halkyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýändigi, nesilleriň döwrebap bilim almagyna, sagdyn ösmegine ähli mümkinçilikleriň açylýandygy barada buýsançly gürrüň etdiler. Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyna päsgel berýän parahorlyk we korrupsiýa ýaly ýaramaz ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna ýol berilmeli däldigi barada aýratyn bellediler. Beýle ýaramaz ýagdaýlaryň maşgala binýadynyň gowşamagyna täsir edýändigine ünsi çekdiler. Hormatly Prezidentimiziň mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi babatda durmuşa geçirýän maksatnamalaýyn işlerine her bir adamyň mynasyp goşandyny goşmalydygyny biragyzdan nygtadylar.

Duşuşyga gatnaşanlar mähriban Watanymyzyň şan-şöhratyny belende galdyrýan. halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyna ähli mümkinçilikleri açýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.