2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

HALK MASLAHATYNA TAÝÝARLYK

Ýurdumyzyň taryhy senenamasyna ýazyljak möhüm syýasy wakalaryň biri bolan 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisine taýýarlyk işleri Türkmengala etrabynda hem giň gerim bilen ýaýbaňlanýar.

«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny esasynda wekil saýlamaga dalaşgär hödürlemäge etrabyň kärdeşler arkalaşyklary guramalary işjeň gatnaşdylar. Şonuň netijesinde wekil saýlamaga dalaşgärlige ilat arasynda uly abraýdan peýdalanýan, Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan, dürli pudaklarda zähmet çekýän, kärdeşler arkalaşygy guramasynyň agzalary bolan raýatlar görkezilip, olaryň içinden has mynasyplary saýlanyp alyndy we wekil saýlamaga dalaşgärlige bellige almaga hödürlendi.

Şu günler hormatly Prezidentimiziň Karary bilen sentýabr aýynda geçiriljek bu möhüm syýasy çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin alnyp barylýan taýýarlyk işleriniň çäginde ýörite duşuşyklar, wagyz-nesihat ýygnaklary guralýar. Şeýle çäreleriň biri ýakynda etrabyň medeniýet öýünde etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirildi. Oňa ýaşuly nesliň wekilleri, mährem eneler, etrap halk maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeňleri, etrapdaky edara-kärhanalaryň işçi-gullukçylary we ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar.

Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen yzygiderli durmuşa geçirilýän täze taryhy eýýamyň özgertmeler syýasatynyň özenini düzýän gadymy demokratik ýörelgelerimiziň aýdyň ýüze çykmasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisine görülýän taýýarlyk barada gürrüň berdiler.

Çärede häzirki zaman türkmen jemgyýetinde halk häkimiýet ýörelgelerini berkitmek, döwlet gurluşyna giň halk köpçüligini çekmek, raýatlaryň mähriban Watanymyzyň ykbalyna bolan jogapkärçiligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň döwlet Baştutanymyzyň hemişelik üns merkezinde durýandygy barada buýsançly sözler aýdyldy.

 

Atamyrat ÝAGŞYÝEW,

Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmengala etrabyndaky ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Geňeşiniň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.