2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

NUSGALYK GÖRELDÄ EÝERIP

Hormatly Prezidentimiz raýatlarymyzyň saglygyny goramak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak işine uly ähmiýet berip, ony döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Soňky ýyllarda ata Watanymyzyň bedenterbiýe we sport babatynda gazananlary, saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen belent sepgitler, jemgyýetimizi sagdynlaşdyrmakda bitirilen gymmatly işler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň göreldesi halkymyz we ösüp gelýän ýaş nesil üçin nusgalyk mekdepdir. Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň tagallalary, üns-aladalary bimöçberdir. “Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2011-2020-nji ýyllar üçin Milli Maksatnamasyna” laýyklykda ýurdumyzda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli ýerinde halkara ülňülerine laýyk gelýän sport maksatly desgalar, täze stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary hereket edýär. Paýtagtymyzda uly sport köşkleriniň, Olimpiýa şäherçesiniň  gurlup, ulanylmaga berilmegi, ýurdumyzda döwlet we halkara derejesindäki sport bäsleşikleriniň geçirilmegi köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň giňden wagyz edilmegine, ýaş türgenlerimize halkara derejesindäki ýaryşlara gatnaşmaklyga giň mümkinçilikleri döredýär.

Milli Liderimiziň jemgyýetimizde sagdynlygy berkarar etmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek hakyndaky üns-aladasyndan ugur alyp, etrabymyzyň ylym-bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklary hem netijeli çäreleri durmuşa geçirýärler. Muňa mysal edip, ýaňy-ýakynda etrabymyzyň 3-nji sport mekdebinde geçirilen „Sportda bize Gahryman Arkadagymyz nusga alarlyk görelde görkezýär“ atly sport bäsleşigini görkezmek bolar. Bu ýaryşa etrabymyzyň ähli orta mekdepleriniň bilim işgärleri gatnaşdylar. Olar öz aralarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça güýç synanyşyp, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bu çäre, hakykatdan hem, ýurdumyzda ildeşlerimiziň sporta bolan höwesiniň has-da artýandygyna şaýatlyk etdi.

 

Rahman Ýazhanow,

Türkmenistanyň Ylym-bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Halaç etrap Geňeşiň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.