2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

KITAPHANAÇYLAR BÄSLEŞDILER

Türkmenistanyň Medeniýet  ministrligi we Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphana şahamçalarynyň arasynda yglan edilen „Geçmişi beýik, geljegi röwşen Watanym“ atly bäsleşigiň deslapky tapgyrlary üstünlikli geçdi, Golaýda welaýat kitaphanasynda şol bäsleşigiň jemleýji tapgyry boldy.

Türkmen milli medeniýetiniň dürli ugurlarynyň ösüşini wagyz etmek, kitaphanalarda saklanylýan ruhy gymmatlyklary aýawly gorap saklamakda we geljekki nesillere ýetirmekde alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, okyjylary kitaphana höweslendirmegiň döwrebap usullaryny kesgitlemek maksady bilen guralan bäsleşige etrapdyr şäherlerdäki deslapky tapgyrlaryň ýeňijileri gatnaşdylar.

Bäsleşigiň ilkinji şertine görä, oňa gatnaşyjylar öz işleýän kitaphana şahamçasynyň daşky we içki bezegi, ähli resminamalaryň saklanylyşy, dogry ýöredilişi barada edilen işleri beýan etdiler. Bu tapgyra gatnaşyjylar kitaphana gaznasyndaky kitaplaryň talabalaýyk ýerleşdirilişi, kitaphanada guralýan sergileriň mazmuny, manysy we maksady, okyjylara hyzmat etmekde alnyp barylýan resminamalara seredilişi hakynda çykyş etdiler. Soňra kitaphanaçylar kitaphana şahamçasynda düzgün boýunça ýöredilmeli kataloglaryň, kartotekalaryň görnüşleri barada çykyş edip, okyjylar üçin elektron katalogyň ähmiýetini düşündirdiler. Şeýle-de öz işleýän kitaphana şahamçasyndaky katalogdan okyjylaryň peýdalanmagy üçin alyp barýan işleri barada gürrüň berdiler. Bäsleşigiň dowamynda kitaphanaçylaryň gazet-žurnallarda, teleradioýaýlymlarda eden çykyşlarynyň sanawy we wideo-ýazgysy seljerildi. Şeýle hem olaryň üstümizdäki ýylda geçiren medeni-köpçülik çäreleriniň, wagyz-nesihat işleriniň hasabaty diňlenildi.

Bäsleşige gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň „Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi“ atly kitabyna syn bermekde, şol kitabyň many-mazmunyndan edebi-sazly kompozisiýalary, sahna oýunlaryny, çeper okaýyşlary, monologlary taýýarlamakda hem başarnyklaryny äşgär etdiler, Olaryň arasynda çeper döredijilik bilen meşgullanýanlaryň, aýdym aýdýanlaryň, sahnada keşpleri  janlandyrýanlaryň az däldigi aýratyn  bellärliklidir.

Halaç etrabynyň Yslam şäherçesindäki kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy Gülzada Aganyýazowanyň çykyşy, taýýarlan usuly gollanmalary özboluşlylygy bilen tapawutlandy, Hojambaz etrabynyň Beşir şäherçesindäki kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy Jora Jumaýew hem hormatly Prezidentimiziň kitaplaryna syn bermäge, şolar esasynda rowaýatlary janlandyrmaga yhlasly çemeleşipdir. Döwletli etrabynyň Hojahaýran geňeşligindäki kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy Bagtyýar Narkulow bolsa has tapawutlanyp çykyş etdi. Kerki etrabynyň Hatap geňeşliginiň kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy Akgül Taňyrgulyýewanyň eden çykyşlary aýratyn many-mazmuna eýe boldy.

Bäsleşigiň birinji tapgyrynda ökdeler öňe saýlandylar. Onuň ikinji tapgyry awgust aýynyň başynda geçiriler.

 

Ýörite habarçy,

“Türkmen gündogary” gazeti




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.