2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

MÄHRIBAN KÄBELERIMIZE SARPA

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň asyrlardan bäri rowaçlyklara beslenen ýörelgeleri, esasan-da durmuşyň ýaraşygy, dünýäniň diregine deňelýän enelere sarpa goýmak, eneleriň mertebesini belent saklamak ýörelgesi dowamat dowam etdirilýär. Hut şonuň üçin eziz Diýarymyzda enelere sarpa goýmak, mertebesini belende götermek ýörelgeleri dowam edip gelýär. Çünki mährem ene her bir ynsanyň çagasynyň ilkinji mähribany, göz-guwanjy. Ene özüniň yssy mähri, süýji sözleri, öwüt-ündewleri, asylly ýörelgesi, pähim-paýhasy, görüm-göreldesi bilen ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym—mukaddeslige tagzym» atly täze kitaby türkmen halkyna, enelerimize uly sowgat bolup, ellerine gowuşdy. Ajaýyp kitap bilim işgärleri üçin hem gymmatlydyr. Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň keşbi, nusgalyk durmuş ýoly kitapda eriş-argaç bolup geçýär.

 

Döwlet Jumaýew,

Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Serhetabat etrabyndaky ilkinji guramasynyň başlyklarynyň Geňeşiniň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.