2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

IL SAGLYGY - WATAN BAGTYÝARLYGY

Hemmämize mälim bolşy ýaly, 21-nji iýulda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni uly şatlyk-şowhun bilen bellenip geçilýär. Bu baýramçylygyň şol günde bellenilmeginiň sebäbi hem, 21-nji iýulda «Saglyk» döwlet maksatnamasy kabul edildi. Şonuň bilen baglylykda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanyp, dürli medeni çäreler guralýar, täze döwrebap saglyk merkezleri paýtagtymyz Aşgabatda hem-de welaýatlarda gurlup ulanylmaga berilýär.

Şu ýyl hem täze desgalaryň açylyp, ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýar. Ol merkezlerde hem döwrebap, ýokary hilli lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylyp, halkyň sagdyn bolmagy üçin ähli amatly şertler döredilýär. Ýakynda Mary şäher iç keselleri hassahanasynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «II saglygy—Watan  bagtyýarlygy» atly maslahat geçirildi. Maslahaty Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat, şäher komitetleri welaýat saglygy goraýyş müdirligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi bilen bilelikde gurady.

Onda TAP-nyň Mary şäher komitetiniň başlygy Güljemal Nazarowa, şäher komitetiniň hünärmeni Gaýgysyz Magtymow, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň baş hünärmeni Bahar Kakalyýewa dagy çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ýurdumyzda saglyk ulgamynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan geçirilýän düýpli özgertmeler we alnyp barylýan işler barasynda durup geçdiler. Türkmenistan Watanymyzda adam saglygyny goramakda olaryň sagdyn ýaşamagy ugrunda bimöçber aladalaryň edilýändigi, «Il saglygy—ýurt baýlygy» diýen jümlä eýerilip, eziz Diýarymyzda adam saglygynyň iň ileri görülýän zatlaryň birdigi hakynda nygtap geçdiler.

Mary şäher iç keselleri hassahanasynyň bölüm müdiri Çarymyrat Annamuhammedow öz çykyşynda lukmanlaryň adam saglyny goramakda elinden gelen kömeklerini gaýgyrmaýandygyny, hassahana gelýän adamlaryň güler ýüz bilen garşy alnyp, näsaglara uly höwes bilen bejergi berilýändigini uly buýsanç bilen belledi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň ählisi milli Lidermize alkyş sözlerini aýtdylar. Eziz Diýarmyzda saglyk ulgamyny ösdürmekde şeýle mümkinçilikleri döredip berýän mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Şemşat Saýlyýewa,

“Maru-şahu jahan” gazetiniň habarçysy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.