2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

MAKSAT ZAHMET ÖNDÜRJILIGINI ÝOKARLANDYRMAK

Kärhanamyzyň ýolbaşçylygy kärdeşler arkalaşyklary komiteti bilen bilelikde hünärmenlerimiziň ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda zähmet we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, medeniýetli dynç alşyny we hemişe sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegini gazanmaga çalyşýar. Munuň üçin nebitçileriň zähmet şertlerini gowulandyrmak meselesine hemişe aýratyn üns berilýär. Kärhanamyzyň kärdeşler arkalaşygy komiteti bu möhüm işleriň her birini müdirligiň tehniki howpsuzlyk we zähmet gullugy bilen tassyklanan meýilnama esasynda yzygiderli alyp barýar. Dürli kärdäki nebitçileriň iş orunlary hemişe pugta gözegçilikde saklanylýar. Müdirligiň önümçilik sehleridir gaýry bölümleri tehniki howpsuzlyk boýunça kadalaşdyryjy neşirler, görkezme ündew suratlary, ýangyn howpsuzlygy boýunça degişli belgiler bilen ýeterlik üpjün edilýär. Iş orunlarynda temperaturany, tozanlylyk hem-de gaz bilen hapalanmaklygy ýol berilýän kadalarda saklamak üçin degişli çäreler öz wagtynda amala aşyrylýar. Nebitgaz çykaryjylarymyzyň ýörite egin-eşik, aýakgap bilen üpjünçiligi olaryň netijeli işlemegine oňyn täsirini ýetirýär. Işgärleriň ýörite gorag serişdeleri bilen üpjünçiliginiň ýokary bolmagy önümçilik şikeslenmeleriniň ýüze çykmazlygyny üpjün edýär.       Elbetde, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilen işleriň her biri nebitçilerimiziň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň döwrebap dynç almagy, dürli medeni we sport çärelerine işjeň gatnaşmagy, ahyrky netijede bolsa, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ygtybarly ýola goýulmagy bilen pugta utgaşdyrylýar. Nebitçilerimiz we olaryň çagalary ýurdumyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sagaldyş-dynç alyş merkezlerine, «Mollagara», «Arçman», «Baýramaly» ýaly şypahanalaryna ýeňillikli ýollanmalar arkaly yzygiderli ugradylýar. Bulardan başga-da, hünärmenlerimiziň işden boş wagty milli mirasymyzy içgin öwrenmek maksady bilen Balkan welaýatynyň taryhy ýadygärliklerine, mukaddes ýerlerine, tebigat gözelliklerine gezelenji we zyýaraty yzygiderli guralýar. Üstümizdäki «Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynyň başyndan bäri Serdar etrabyndaky Parawbibi, Türkmenbaşy etrabyndaky Gözli ata, Magtymguly etrabyndaky Şibli baba we beýleki taryhy ýerlere köpçülikleýin gezelenç we zyýarat guradyk. Magtymguly etrabynyň merkezindäki beýik söz ussadymyzyň muzeýinde bolup, bu ýerdäki täsin eksponatlar bilen içgin tanyşdyk.

Balkanabat şäher zenanlar guramasynyň «Dillerde waspyň Watan» ady bilen geçiren bäsleşiginde müdirligimizde ölçeýji bolup işleýän Bahar Berdiýewa gymmat bahaly sowgada mynasyp boldy.

Kärhanamyzda şaşka boýunça geçirilen ýaryşda nebit toplaýjy, taýýarlaýjy we akdyryjy sehden Myrat Saryýew, önümçiligi awtomatlaşdyryjy sehden Pyham Annagulyýew, nebitgaz çykaryjy sehden Azat Gylyçlyýew dagy degişlilikde baýrakly orunlary eýeledi.

Geçirilýän bu döwrebap çäreleriň her biri nebitçilerimiziň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaklyga oňyn täsirini ýetirýär. Müdirligimižiň hünärmenleri «Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda göreldeli zähmet çekip, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyna mynasyp goşant goşmaga, işden boş wagtyny sapaly, medeniýetli geçirmäge, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermäge döredip berýän ägirt uly mümkinçiligi üçin Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyklaryny aýdýarlar.

Bibi ATAÝEWA,

«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitdagnebit» NGÇM-niň

kärdeşler arkalaşygy komitetiniň başlygy.

«NEBIT-GAZ» gazeti.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.