2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

HÜNÄR BAÝRAMÇYLYGYNYŇ DABARASY

21-nji iýulda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni Ahal welaýatynda hem giňden bellenilip geçildi. Şanly sene mynasybetli welaýatymyzyň ähli ýerinde aýdym- sazly dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Şol gün Bäherden etrabynyň çägindäki "Ýyly suw" şypahanasynda geçirilen baýramçylyk dabarasynyň şowhuny aýratyn ýatda galyjy boldy.

Welaýat derejesindäki dabara gatnaşyjylaryň arasynda welaýat, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şäherdir etraplardan gelen saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri bar. Olar günüň saba-säherinde dag tebigatynyň jana şypaly künjegine görk goşýan şypahananyň kaşaň binasynyň öňündäki meýdança ýygnandy. Bu ýerde ýürek joşduryjy ruhubelentlik alamaty höküm sürdi. Ak ýektaýly lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň, derman senagaty işgärleriniň we beýleki myhmanlaryň ýüzünde döwrümiziň bagtyýarlygyna bolan buýsanç we şatlyk duýgusy mese-mälim duýulýardy.

Toý meýdançasynda aýdym-sazlaryň ýaňlanmagy, ol ýeriniň ruhubelentligini al-asmana göterdi. Welaýat medeniýet müdirliginiň garamagyndaky etrap-şäher medeniýet merkezleriniň aýdym-saz, halk döredijilik, tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary saglygy goraýyş we derman sena­gaty ulgamynyň işgärlerine ajaýyp toý sowgady bolup dabaralandy. Milli öwüşginlere ýugrulan şirin mukamly, belent owazly aýdymdyr sazlarda, joşgunly tanslarda Gahryman Arkadagly ata Watanymyzyň ösüş-özgertmeli döwrümiziň ýaňlandy. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten belent derejesi, ynsan saglygyny goramakda yhlasly zähmet çekýän saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň waspy şol çykyşlarda öz beýanyny Bagtyýar döwrümiziň waspy ýaňlanan aýdym-sazlar, tansly çykyşlar şowhunly el çarpyşmalar garşylanyp, hemmeleriň toý şatlygyny goşalandyrdy.

Dabara şypahananyň mejlisler jaýynda dowam etdi. Ol ýerde dabara­ly baýramçylyk maslahaty geçirildi. Maslahaty welaýatyň saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy G.Jelilow açmak bilen, ol ýere ýygnananlary Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli gutlady hem-de oňat arzuwlaryny beýan etdi. Ol çykyşynyň başynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň depginli ösýändigi, täze derejelere çykýandygy, raýatlaryň saglygyny goramak işleriniň ýokary derejede üpjün edilýändigi dogrusynda täsirli söhbet açdy hem-de bu ugurda giň göwrümli işleri amala aşyrýandygy üçin hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdy.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy,Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Baýramsoltan Myradowanyň, TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Resul Işangulyýewiň gutlag çykyşlarynda ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny goramakda, abadançylygyny we bagtyýarlygyny üpjün etmekde saglygy goraýyş işgärleriniň saldamly goşant goşýandygyny, milli Liderimiziň öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýandyklaryny bellediler hem-de olara asylly işlerinde üstünlik arzuw etdiler.

Dabaraly maslahatyň dowamynda aýratyn tapawutlanyp zähmet çekýän saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleriniň uly topary sylaglandy. Öňdebaryjylara TDP-niň welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, TMÝG-niň welaýat Geňeşiniň hormat hatlarydyr baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýörite habarçymyz.

Ahal durmuşy gazeti.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.