2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

Gezelenç guraldy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli mirasymyzy, halkymyzyň taryhyny, milli däp-dessurlary, maddy we ruhy gymmatlyklary gorap saklamak, olaryň hemmetaraplaýyn öwrenilmegi we ösdürilmegi ileri tutulýan möhüm ugurlardyr.

Halkymyzyň gadymdan gelýän mirasyny aýap saklamagyň, ösdürmegiň we dünýä ýaýmagyň ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda medeni gymmatlyklarymyzy peýdalanmak arkaly ýaşlary milli ruhda terbiýelemek işlerine hem uly üns berilýär. Şol nukdaýnazardan hem ýurdumyzyň ýaşlarynyň arassa ahlakly, giň düşünjeli, çuňňur bilimli şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin giň ýol açylýar.

Ýakynda Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde ýerleşýän «Taryhy we ülkäni öwreniş» muzeýine Tejen şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 11-nji orta mekdebinde dynç alýan okuwçylaryň tomusky dynç alyşlaryny talabalaýyk guramak maksady bilen, okuwçylaryň arasynda gezelenç guraldy. Bu ýerde muzeýiň ylmy işgärleri muzeýiň taryhy we onuň özünde saklaýan taryhy gymmatlyklary barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Muzeýiň ýerleşýän binasy 1911-nji ýylda gurlup, onuň umumy tutýan meýdany 2268 inedördül metrden ybarat. Muzeýiň ekspozisiýa zallarynyň tutýan meýdany 582 inedördül metr. Muzeýde arheologiýa, etnografiýa, tebigat, şekillendiriş sungaty, «Bagtyýarlyk eýýamy» bölümleri bolup, bu ýerde muzeý gymmatlyklarynyň 4440 müňe golaýy goralyp saklanylýar. Gezelenjiň ahyrynda ähli ösüşleriň başynda durýan hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Orazmyrat ÇARYÝEW,

Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň

Tejen şäher Geňeşiniň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.