2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

MUKADDESLIGE TAGZYM

Ýazyjy-şahyrlaryň ene mukaddesligi hakynda eser döretmedigi ýok bolsa gerek. Munuň dogrudan hem şeýledigi hakynda oýlananyňda, eneleriň waspy barada aýdylmadyk söz bir galdymyka diýip pikire çümeniňi duýman galýarsyň. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym— mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitaby bilen içgin tanyşanyňda bolsa, eneleriň waspy baradaky sözleriň, jümleleriň gorunyň, asla, egsilmezdigine göz ýetirýärsiň.

Hormatly Prezidentimiz bu täze kitabynda öz mähriban käbesi Ogulabat ejäniň keşbiniň üsti bilen, eneleriň ähli mähribanlygyny, mukaddesligini ezberlik bilen teswirläp bilipdir. Eserde ulanylan rowaýatlar bolsa, halkymyzyň mähriban enelerimize goýýan belent sarpasyndan, enelere keramat hökmünde garalýandygyndan habar berýär.

Söz älemindäki ussatlygyň ähli inçeligi bilen ýazylan bu kitaby okanyňda, mähriban enelere bolan söýgiň, hormat-sylagyň has-da artýar. Şeýle bolansoň, üç dilde—türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilen, ajaýyp suratlar bilen bezelen bu eseriň okyjylaryň ýan-kitabyna öwrüljekdigine ynanýarsyň.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň döwlet galamynyň astyndan çykýan pähim-parasada ýugrulan eserleriň höwri köp bolsun!

 

Arzygül Hommalyýewa,

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.