2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

ÝAKYMLY HABAR

Ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde halkymyza ýakymly habar gelip gowuşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň Beýik Watançylyk urşunda görkezen edermenligi, mertligi, gaýduwsyzlygy we şahsy göreldesi göz öňünde tutulyp, Russiýa Federasiyasynyň Prezidentiniň Permany bilen, «Edermenligi üçin» medaly bilen sylaglanandygy baradaky hoş habar il-günümizi buýsandyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýokary derejedäki bu medaly diňe bir atasyna däl, eýsem Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan türkmen ýigitleriniň görkezen edermenligine dahyllydyr diýdi.

Bu döwlet sylagynyň aňyrsynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygyny görýäris. Hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewiň söweş we durmuş ýoly ýaş nesillerimiz üçin nusgalyk ýoldur. Goý, mundan beýläk-de ýakymly hoş habarlaryň yzy dowamly bolsun!

 

Akmuhammet GURBANOW,

Tagtabazar etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

 




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.