2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

IŞLERI ILERI, GADAMY ŞOWLY EKERANÇYLAR

Ekerançylykda gyzgalaňly döwür bolan gowaça ekişiniň möwsümi pagtaçy kärendeçileri birneme tijendirdi. Daýhanyň iş orny ekerançylyk meýdanlarynda. Çünki, bol pagta hasylyny ösdürip ýetişdirip, «ak altyndan» dag deý belent harmanlary döretmekde gowaça ekişini gowy hilli geçiren pagtaçy kärendeçiler öz çeken zähmetiniň ilkinji miwesine—topragy nagyş bolup bezeýän ýaşajyk gowaçalara buýsanýarlar.

Mähriban Arkadagymyz pagta ýetişdirmekde ekerançylara uly ýeňillikleri döretdi. Pagta öndürijiler bereketli hasyl ýetişdirmekde tohum, dökün, tehniki hyzmatlarydyr himiýa serişdeleri üçin çykarylýan harajatlaryň çykdajylarynyň ýeňilliklerinden peýdalanýarlar. Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalaryndan ruhlanýan etrabymyzyň pagtaçy kärendeçileri şol aladalara guwanyp, buýsanyp zähmet çekmek bilen ýurdumyzyň senagaty üçin gymmatly çig mal bolup hyzmat edýän «ak altynyň»—pagtanyň bereketli hasylyny ýetişdirmäge borçlanýarlar.

«Ak altyn» türkmeniň rysgaly, baýlygydyr. Etrabymyzda bar bolan daýhan birleşikleriniň 18-siniň pagtaçy kärendeçileri şu aýdylanyna uýup, Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylymyzyň pagta hasyly üçin 22 müň 400 gektar ýere gowaça ekdiler, şonuň 19 müň 457 gektardan gowragy orta süýümli, galany bolsa inçe süýümli pagta üçin niýetlenendir, Pagtaçy daýhanyň rysgal-döwletini has artdyrýan bu gymmatly önümi ýetişdirýänlere ene toprak egsilmez sahawat, guwandyryjy bereket eçilýär. Geçen ýylda etrabymyz boýunça taýýarlanan pagta hasyly doly we ýokary derejede gaýtadan işlenildi. Etrap pagta arassalaýjy kärhanamyz tarapyndan şu ýyl pagtaçy daýhanlara gowaçanyň „orta we inçe süýümli görnüşiniň ýokary hilli tohumynyň 2260.045 kilogramynyň goýberilendigini ýatlamak ýakymlydyr. Tohumlyk çigidi we ekini kesellerden, zyýan beriji möjeklerden we haşal otlardan goramagyň üpjün edilmegi ekinlerden ýokary hasyl almagyň esasy şertidir. Çigidiň gowy çykmagyna we hasyllylygyň artmagyna ýardam edýän şeýle çäreleri talabalaýyk berjaý etmekde kärhanamyzyň tejribeli işgärlerinden Atamyrat Çopanowyň, Kakajan Amangylyjowyň, Döwran Kakalyýewiň uly tagalla edendiklerini agzap geçmek bolar.

 

Bäşim Baýjaýew,

Mary welaýatynyň Murgap pagta arassalaýjy kärhanasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.