2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

HALKARA DEREJESINDÄKI BEÝIK IŞLER

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak barada alyp barýan ýadawsyz aladalary bu gün halkara derejesinde giňden goldaw tapýar.

Munuň şeýledigine Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72- nji maslahatynyň 82-nji mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda «Bütindünýä welosiped güni» hem-de «Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi hem şaýatlyk edýär.

Bu ajaýyp waka bagyşlanyp, ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda geçirilen «Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda kabul edilen Kararnamalar — Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan daşary syýasatynyň dabaralanmasy» atly maslahata gatnaşmak bagty bizede miýesser etdi. Onda çykyş edenler halkara derejesinde örän uly bu işleriň ählisiniň Gahryman Arkadagymyzyň gözegçiliginde durýandygyny, ýurdumyzda sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekde, jemgyýetde ekologiýa medeniýetini kemala getirmekde uly işleri alyp barýandygyny nygtadylar.

Şeýle ajaýyp işleri alyp barýan, dünýäniň belli syýasy Lideri bolan Gahryman Arkadagymyza buýsanýarys. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan şunuň ýaly beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Muhammetberdi GURBANOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.