2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

BUÝSANJYMYZYŇ ÇÄGI ÝOK

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda kabul edilen KararnamalarTürkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan daşary syýasatynyň dabaralanmasy» atly maslahat geçirildi. Bu maslahat Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 82-nji mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda taslamalary işlenilip taýýarlanylan «Bütindünýä welosiped güni» hem-de «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalaryň kabul edilmegine bagyşlandy.

Bu maslahata gatnaşmagymyz bizde uly buýsanç duýgusyny döretdi. Sebäbi bu maslahat BMG-niň Baş Assambleýasynyň döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda, hormatly Prezidentimiziň mähriban halkymyza Ýüzlenmesiniň metbugatda çap edilendigi baradaky buýsançly sözler bilen başlandy. Bu Ýüzlenmesinde Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Munuň özi maslahata gatnaşanlarda uly ruhubelentlik ýagdaýyny döretdi.

Gahryman Arkadagymyzyň Ýüzlenmesinde belleýşi ýaly, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň fewral aýynda «Amul — Hazar 2018» welosiped ýaryşyna Lebap welaýatyndan badalga bermegi biziň üçin örän guwançly waka boldy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen kabul edilen bu Kararnamalar Gahryman Arkadagymyzyň halkara derejesinde abraýynyň örän belentdigine güwä geçýär. Biz hem döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan şunuň ýaly beýik işlerine buýsanyp, janynyň sag, ömrüniň uzak, döwletli işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

 

Amangeldi JUMAÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.