2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

DIÝARYMYZYŇ HALKARA ABRAÝY ARTÝAR

Ýaňy-ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda kabul edilen Kararnamalar bütin halkymyz üçin şanly waka boldy. Şu ýylyň 3-nji iýunynyň «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan edilmegi we Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň hyzmatdaşlygy hakyndaky Kararnamalaryň birbada kabul edilmegi döwletimiziň beýik ösüşleriniň aýdyň nyşanydyr. Ýurdumyzyň teklibiniň, hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan goldanylýandygy hakyndaky bu şatlykly habaryň dabaralanmagy mynasybetli döwletimiziň ähli ýerinde maslahatlar geçirilýär.

Düýn Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda hem welaýat häkimliginiň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda şu şanly waka mynasybetli maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlarynyň wekilleri, ýüzleri nurana parasatly ýaşulular we eneler hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy Kakageldi Gurbanow, Ýolöten etrabynyň Soltanbent geňeşliginiň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Hezretguly Öwlüýägulyýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygy Muhammetberdi Gurbanow, TDP-niň Mary şäher komitetiniň başlygy Hekimberdi Orazberdiýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary şäher komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň agzasy Güljemal Nazarowa, welaýat sport we ýaşlar syýasaty boýunça komitetiniň bölüm müdiri Gylyç Annamyradow, Mary etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy, TDP-niň welaýat komitetiniň ýanyndaky wagyz-nesihat toparynyň agzasy Muhammet Allagulyýew, «Maru-şahu jahan» gazetiniň uly habarçysy, şahyr Bahargül Mejidowa dagy çykyş etdiler.

Şanly waka bagyşlanan maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň syýasatynyň we sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň dabaralanýandygy, älem-jahanda giňden goldanylýandygy hakynda buýsançly gürrüň etdiler.

 

Bahargül Jumadurdyýewa.

“Maru şahu-jahan” gazetiniň habarçysy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.