2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

HALALLYK TÜRKMENI ARŞA GÖTERER

      Ýakynda Ak bugdaý etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda maslahat geçirildi. Ahal welaýat häkimliginiň korrupsiýa we parahorluk ýaly ýaramaz ýagdaýlara garşy göreş boýunça wagyz-nesihat çäreleriniň meýilnamasynyň çäginde geçirilen maslahata ulag, aragatnaşyk, söwda we nebit-gaz ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdy.

       Welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda geçirilen maslahaty TDP-niň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri Muhammetmyrat Bäşimow açyp, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini dünýäniň ösen talaplaryna ýetirmek, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny belende götermek ugrunda edýän aladalary dogrusyndaky gürrüňe ünsi çekdi, şeýle-de ol ýaramaz endiklerden daşda durmagyň, halal we päk zähmet bilen beýik ösüşlere goşant goşmagyň ähmiýeti barada durup geçdi.

        Maslahatda Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň wekili Eziz Dädebaýew, Ak bugdaý etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçilik boýunça kazysy Garrybaý Aşyrow, Ahal welaýat adalat bölüminiň baş maslahatçysy Baba Hojaýew dagynyň çykyşlarynda ýurdumyzda korrupsiýa we parahorluk ýaly ýaramaz ýagdaýlara garşy alnyp barylýan barlyşyksyz göreş hakynda aýdyldy. Olaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, ýurdumyz gülläp ösýär, özgerýär, raýatlar üns-alada bilen gurşalýar, halal-päk zähmetiň bilen baýamaga ähli mümkinçilikler bar. Şeýle eşretli döwrümizde korrupsiýa, parahorluk ýaly ýaramaz ýagdaýlar jemgyýetimiziň ösüşini bökdeýär. Şoňa görä-de, bu ýaramaz ýagdaýlara garşy göreşe her bir adam goşant etmelidir.

       Hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri "Döwlet gullugy hakynda", "Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda", "Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunlarynyň düzgünleri barada giňişleýin gürrüň edip, korrupsiýanyň döremegine getirýän sebäpleri we şertleri düşündirdiler.

         Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Mejlisiniň deputaty Baýramsoltan Myradowanyň, TMÝG-niň welaýat Geňeşiniň esasy hünärmeni Parahat Meretliýewiň maslahatda eden çykyşlary diýseň uly täsirleri döretdi. Olar häzirki eşretli döwrümiziň gadyr-gymmaty barada aýdyp, maslahata gatnaşyjylary milli Liderimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, halal we päk zähmet çekmäge çagyrdylar. Çykyş edenler türkmen halkyny baky bagtyýarlyga ýetirendigi üçin hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

 

Aýdo ŞEKEROW,

"Ahal durmuşy" gazeti




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.