2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

Il-günüň buýsanjyna öwrüldi

Gahryman Arkadagymyzyň gadymynyň Lebap topragyna düşmegi mynasybetli, bu ýerde bolup geçen şanly wakalar döwletli-döwrana ýeten merdana halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy.

 

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda erkana Watanymyzda gazanylýan ýokary ösüşler hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bolup geçen ajaýyp wakalarda özüniň aýdyň beýanyny tapdy.

Gahryman Arkadagymyzyň döwlet derejesindäki üns-aladasynyň netijesinde ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmäge, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen çäreler toplumlaýyn amala aşyrylýar. Lebap welaýatynda ýurt möçberinde badalga berlen «Beýik Ýüpek ýoly» atly ugur boýunça geçýän üç sany iri sport ýaryşy: «Amul — Hazar 2018» atly awtoralli hem-de welosiped we ylgaw ýaryşlary munuň nobatdaky dabaralanmasy boldy.

Türkmenabat şäherinde gurlup ulanylmaga berlen Halkara howa menzili ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk, hususanda, raýat awiasiýasy ulgamynda ýetilen ajaýyp sepgitdir. Bu döwrebap howa menziliniň Ginnesiň Halkara rekordlar kitabyna girizilmegi buýsançly waka boldy. Bu Halkara howa menzili döwletleriň arasynda dostlugy we parahatçylygy berkitmäge hyzmat etjek ulag gatnawlarynyň möhüm çatryklarynyň biri bolar. Geljekde Aziýany we Ýewropany birleşdirýän ulag kommunikasiýalarynyň möhüm bölegine öwrüler.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli syýasatlaryny halk köpçüliginiň arasynda wagyz-ündew etmekde. ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli Maksatnamalaryň amala aşyrylmagynda we jemgyýetimizde agzybirligi, jebisligi pugtalandyrmakda, şeýle-de möhüm syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilmeginde mundan beýläk-de özümiziň mynasyp goşandymyzy goşarys.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun!

 

Bahtyýar NURMAMEDOW,

Türkmenistanyň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäherindäki ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Geňeşiniň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.