2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

Bäsleşik geçirildi

Ýakynda Balkan welaýatynyň Serdar etrabyndaky umumybilim berýän orta mekdepleriň arasynda «Ýylyň mugallymy2018», çagalar baglarynyň arasynda «Ýylyň terbiýeçisi2018» atly bäsleşikleriň etrap tapgyry geçirildi.

Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Serdar etrap Geňeşi we Serdar etrap bilim bölümi tarapyndan guralan bäsleşige gatnaşanlar öz iş tejribeleri bilen ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Mugallymlaryň arasynda geçirilen «Ýylyň mugallymy — 2018» atly bäsleşigiň netijesinde etrapdaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy Amanbike Annaberdiýewa l-nji orna, 8-nji orta mekdebiň mugallymy Gurbangül Bagalyýewa 2-nji orna, 4-nji orta mekdebiň mugallymy Orazgül Meredowa 3-nji orna mynasyp boldular.

Terbiýeçileriň arasynda geçirilen «Ýylyň terbiýeçisi — 2018» atly bäsleşigiň netijesinde 2-nji çagalar bakja bagynyň terbiýeçisi Güljahan Gandalyýewa, 1-nji orna 1-nji çagalar bakja bagynyň terbiýeçisi Gülsenem Tuwakmämmedowa 2-nji orna, 10-njy çagalar bakja bagynyň terbiýeçisi Gülälek Täçmämmedowa 3-nji orna mynasyp boldular.

Bäsleşikde ýeňiji bolan işgärlere Serdar etrap bilim bölüminiň we Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Serdar etrap Geňeşiniň taýýarlan gymmat bahaly sowgatlary we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bäsleşige gatnaşanlar halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Nyýazguly MEREDOW,

Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Serdar etrabyndaky ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Geňeşiniň başlygy.

 




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.