2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

Taryhy ýadygärliklere syýahat

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Boldumsaz etrap birleşmesi tarapyndan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Köneürgenç etrabyndaky «Köneürgenç» döwlet taryhy medeni goraghanasyna gezelenç guraldy. Oňa Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary bolan Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň orta mekdeplerinde zähmet çekýän mugallymlar we ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdy.

Gezelenje gatnaşanlar taryhy-medeni goraghananyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna giren taryhy-binagärlik ýadygärliklerine: Kyrkmolla, Daşmetjit, Nejmeddin Kubra, Soltan Aly, Törebeg hanym, Soltan Tekeş, Il Arslan ýadygärliklerine baryp gördüler. Şäherleriň gülläp ösen döwürleri barada köpsanly maglumatlary öwrendiler. Daşmetjit ýadygärliginde açylan halk hünärmentçiliginiň muzeýiniň mirashana gymmatlyklary bu ýere gelenlerde uly täsir galdyrdy. Gezelenjiň ahyrynda usuly maslahat geçirilip, onda ýurdumyzyň taryhy-binagärlik ýadygärliklerini gorap saklamakda, olary ilat arasynda wagyz etmekde mugallymlaryň, terbiýeçileriň wezipeleri barada gürrüň edildi.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Boldumsaz etrap birleşmesi tarapyndan şeýle täsirli gezelençleri «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda welaýatymyzyň belli taryhy ýerleri bolan Ybraýym Edhem, Aşyk Aýdyň pir, Ysmamyt ata, Yzmykşyr ýadygärlikler toplumyna hem guramak göz öňünde tutulýar.

 

Hakmyrat JUMAŞOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Boldumsaz etrap birleşmesiniň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.