2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

Işler gyzgalaňly barýar

Bahar paslynyň gelmegi bilen, babadaýhanlarymyzyň işi has köpeldi. Ekin meýdanlarynda taýýarlyk işleri gyzgalaňly alnyp barylýar.

Biziň Ak altyn daýhan birleşigimiziň pagtaçy kärendeçileri «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda 2530 gektara gowaça ekip, ondan 4889 tonna pagta öndürmegi meýilleşdirdi. Şu günler daýhan birleşikde ýaz ekişine taýýarlyk gyzgalaňly alnyp barylýar. Täçmuhammet Hojageldiýewiň, Saparmyrat Tatowyň, Myrat Saryhanowyň ýolbaşçylyk edýän toparlarynda işler has-da guramaçylykly barýar.

Gallaçy kärendeçilerimiziň hem işi özlerine ýetik. Olar boý alyp barýan ak ekinlere ösüş suwuny tutup, tebigy we karbamid dökünleri bilen gurplandyrýarlar. Bugdaýlara dökün bermek işinde traktorçylarymyz öndürijilikli zähmet çekýärler. Olardan Annagylyç Gylyjow, Akmyrat Kadyrow, Bäşim Garnepesow dagy has-da tapawutlanýar. Işleriň sazlaşykly we öndürijilikli alnyp barylmagy üçin daýhan birleşigimizde işleýän öňdebaryjy kärendeçilerimizi, mehanizatorlarymyzy, sürüjilerimizi kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan höweslendiriji sylaglar bilen höweslendirilip durulýar.

Biz gallaçy hem pagtaçy kärendeçilerimiz bilen bilelikde «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda bol hasyl ýetişdirmek ugrunda irmän-arman zähmet çekeris. Munuň özi biziň Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerine goşandymyz bolar.

 

Akmyrat GURBANOW,

Babadaýhan etrabynyň Ak altyn daýhan birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.