2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

Woleýbol bäsleşigi

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda toýlanýan baýramçylyklar halkymyzyň buýsançly başyny göge ýetirýär. Barha golaýlaýan Halkara zenanlar güni mynasybetli dürli sport bäsleşikleri şowhuna baýlygy bilen tapawutlanýar.

Golaýda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bedenterbiýe we sagaldyş toplumynda, Hyzmat ulgamynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň guramagynda, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligine degişli Aşgabat şäherindäki edara-kärhanalarda zähmet çekýän kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň işjeň agzalarynyň arasynda yglan edilen «Sagdyn durmuş — zenanlaryň ýörelgesi» atly woleýbol bäsleşigi geçirildi.

Kärdeşler arkalaşygynyň agzalarynyň arasyndan ussat zenan türgenleri ýüze çykarmagy we olaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryny jebisleşdirmegi maksat edinen sport bäsleşigi şatlyk-şowhuna beslendi. Bäsleşigiň dowamynda sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýäniň halkymyzyň gündelik durmuşyna giňden ornaşýandygy aýdyň ýüze çykdy.

Bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Olar sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikleri açýan Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözlerini beýan etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.