2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

MILLI DEMOKRATIK ÝÖRELGELER ESASYNDA

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde sazlaşykly alnyp barylýan giň gerimli işleriň ählisi agzybir halkymyzyň bähbidine we olaryň bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýip berkidilmegi hem aýdyň beýan edýär.

Ýurdumyzda möhüm syýasy-jemgyýetçilik çärä — Türkmenistanyň mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk we saýlawlary ýokary guramaçylykly geçirmek babatda işler gyzgalaňly dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 26-njy ýanwarynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde: «Mart aýynyň 25-inde geçiriljek saýlawlar ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň täze tapgyry hökmünde jemgyýetimiziň durmuşyna halk häkimiýetiniň ýörelgelerini ornaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky ädim bolmalydyr» diýip nygtady. Bu saýlawlar, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimizde demokratiýanyň ösüş derejesini açyp görkezýän möhüm syýasy we täze taryhymyzyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyljak waka bolar.

Bu saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegi üçin Mary etrabynda sazlaşykly işler alnyp barylýar. Etrapda, milli saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň karary esasynda, 2018-nji ýylyň 22-nji fewralynda dalaşgärleri hödürlemek we olary hasaba almak işleri doly tamamlandy. Şu günler etrapda döredilen her bir okrugda we saýlaw uçastoklarynda geçirilýän ýygnaklarda saýlawçylar özleriniň hödürlän dalaşgärleri bilen duşuşyp, olaryň durmuş we zähmet ýoly, öňde goýan meýilnamasy bilen içgin tanyşýarlar. Özlerini gyzyklandyrýan meseleler boýunça olar bilen sowal-jogap alyşýarlar.

Öňde duran syýasy-jemgyýetçilik çäre mynasybetli her bir saýlaw uçastogynda saýlaw güni saýlawlaryň aç-açanlygyna we hakyky bäsleşik esasynda geçirilmegine ýardam etmek maksady bilen, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň etrap guramalaryndan, geňeşlerinden hödürlenen dürli kärdäki we dürli ýaşdaky milli synçylar bilen okuw maslahatlary geçirildi. Esasy Kanunymyzda Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet häkimiýet edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna geçiriljek saýlawlar halkyň öz erk-islegini kanun esasynda göni beýan etjekdigini tassyklaýar. Saýlawlara ilkinji gezek gatnaşýan ýaşlar üçin saýlaw uçastoklarynda ýaş saýlawçylaryň burçy döredildi. Olarda saýlawlar bilen baglanyşykly resminamalar we kanunlaryň toplumy ýerleşdirildi. Şeýle-de ýaşuly nesliň wekilleriniň saýlawlar bilen geçirýän duşuşyklary çuňňur many-mazmuna beslenýär.

Saýlawlar güni ýaşuly nesliň wekiller hem, ýaşlar hem ruhubelentlik bilen mynasyp dalaşgäre öz seslerini bermäge gatnaşarlar. Saýlaw uçastogyna gelýän her bir raýat ýurdumyzyň demokratik ýörelgeleri, saýlawlary geçirmegiň düzgünleri barada giňişleýin düşünje alýar. Saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin saýlaw uçastoklarynda zerur bolan ähli şertler döredildi we maddy-tehniki enjamlar oturdyldy.

Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasatly baştutanlygynda emele gelen syýasy köpdürlülik we köppartiýalylyk milli demokratiýanyň täze derejä eýe bolandygyny bütin dünýä ýene bir ýola äşgär eder. Geçiriljek bu möhüm syýasy-jemgyýetçilik çärede halkyň ynamyny gazanyp, köp ses almagy başaran ildeşlerimiziň geljekde öz işlerine gujur-gaýrat hem ak ýürek bilen ýapyşyp, Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, agzybir halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga öz mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna berk ynanýarys.

 

Röwşen ÇARYÝEW,

Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Mary etrabyndaky ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Geňeşiniň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.