2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

Dokmaçy zenanlaryň bäsleşigi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza, urp-adatlarymyza uly hormat goýulýar, sarpalanylýar. Munuň şeýledigine gelin-gyzlaryň arasynda geçirilýän bäsleşikler hem aýdyň güwä geçýär. Şeýle çäreleriň biri ýaňy-ýakynda Türkmenabat şäherindäki «Bagt guşy» toý-dabaralar mekanynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda «Bagtyýarlyk döwrüniň çeper elli zenanlary» ady bilen geçirildi. Oňa welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden gelen çeper elli gelin-gyzlardan düzülen ýedi topar gatnaşdy. Çeper elli zenanlar «Gadymy nagyşlaryň syrlary», «Sungatym bar — hormatym bar», «Kesbi-kärim nesillere görelde» atly şertler boýunça bäsleşip, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Netijede Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynyň topary birinji, Türkmenabadyň tikin fabriginiň topary ikinji, Seýdiniň pagta egriji fabriginiň topary bolsa, üçünji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşige gatnaşanlaryň ählisine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Bäsleşigiň dowamynda Türkmenabat şäher hem-de Farap etrap medeniýet merkeziniň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren şirin owazly aýdym-sazlary gelin-gyzlarymyzyň şatlygyna şatlyk goşdy. Dokma önümleriniň ajaýyp sergisi bolsa ýygnananlarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy.

 

Jennet RAIMBAÝEWA,

ýörite habarçy, "Türkmen gündogary" gazeti




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.