2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

BAHARDAN SERPAÝLY ZENANLAR

Ýaşyl begrese beslenip gelen bahar paslynyň ilkinji günlerinde bellenilýän Halkara zenanlar güni kümüş saçly enelerimiziň, güler ýüzli ejelerimiziň, gülden görkli gelin-gyzlarymyzyň baýramydyr. Mähriban zenanlarymyza sylag-sarpa goýmak halkymyzyň asylly durmuş ýörelgesidir. Hormatly Prezidentimiziň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli zenanlaryna pul sowgatlary gowşuryldy. Halkara zenanlar gününiň öňýanynda pul sowgatlaryny almagymyz buýsançly başymyzy göge ýetirdi.

Döwletli-döwranly güneşli Diýarymyzda zenanlarymyza goýulýan sarpa uludyr. Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt abadançylygyny kepillendirýän taglymatlarynyň netijesinde bu gün türkmen zenanlarymyz baky bagtyýarlygyň gujagynda ýaşaýarlar. Ýurdumyzyň bagtyýar geljegini kepillendirýän, ömrümiziň gül-gunçasy bolan körpeje nesillerimizi ösdürip ýetişdirmekde belent başly enelerimiz, näzik gelinlerimiz öz gujur-gaýratyny gaýgyrmaýarlar. Nurana ýüzli mähriban enelerimiz, gülden görkli gelin-gyzlarymyz barada aýdylmadyk aýdym, ýazylmadyk goşgy ýokdur. Enelerimizi ezizleýän, zenanlara belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutumly işleri mydama rowaç alsyn!

 

Täzegül HALLYÝEWA,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazawtomatika» müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.