2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

Baýramçylyga Bagyşlandy

Bu gün türkmen topragyna bahar geldi. Ol özüniň ýyly mähri bilen türkmen topragyna rysgal-bereket paýlaýan pasyldyr. Özüniň röwşen geljegine umyt, arzuwly garaýan ruhubelent türkmen ili bu ajaýyp bahar paslyny uly guwanç hem buýsanç bilen garşy alýar. Muny şu günler welaýatymyzyň ähli künjeklerinde geçirilýän baýramçylyk çäreleriniň mysalynda hem görmek bolýar. Biziň bölümimizde Bahar baýramyna bagyşlanyp geçirilen wagyz-nesihat çäresi hem aýratyn ruhubelentlige beslendi. Bu sene agzybirligiň, ynsanperwerligiň, myhmansöýerligiň baýramy hökmünde halk döredijiligine, şahyrlaryň şygyrlarynda dürli öwüşginler bilen wasp edilýär. Çünki al-elwan güllere beslenen baglar, ýaşyl reňke beslenen giň ýaýlalar bu baýramyň şatlyk-şowhunyna täzelenişiň we päkligiň göwünleri galkyndyryjy öwüşginini çaýýar. Bu baýramyň 2013-nji ýyldan bäri halkara derejesinde bellenilip geçilýändigi aýratyn guwanç hem buýsanç döredýär. Çünki ol biziň taryhymyz, milli medeniýetimiz bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu ýyl bolsa ol «Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylymyza hormatly Prezidentimiziň sahawaty bilen egsilmez şatlyga, buýsançly wakalara beslenip geldi.

Wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar Milli Bahar baýramymyzyň-Nowruzyň gelip çykyşy, onuň diňe bir türkmen durmuşyndaky däl, eýsem halkara derejesindäki ähmiýeti dogrusynda edilen çykyşlary ýokary ruhubelentlik bilen diňlediler. Milli baýramlarymyza täze röwşenlik nuruny çaýan döwre ýetiren Gahryman Arkadagymyza alkyşly sözleriň yzy üzülmedi.

 

Berdimyrat TAÝÇAÝEW,

Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkeziniň Daşoguz bölüminiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.