2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

ARASSAÇYLYK WE ABADANLAŞDYRYŞ IŞLERI BOÝUNÇA IKI AÝLYK ÇÄRELERI GEÇIRMEK HAKYNDA

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky syýasatyny durmuşa geçirmek, halkyň arasynda sagdyn durmuşy wagyz etmek, ýerlerde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň köpçülikleýin geçirilmegini gazanmak hem-de şäherleriň, etraplaryň, şäherçeleriň we obalaryň arassaçylygyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, welaýatymyzyň häkimi ýörite karar kabul etdi.

Resminama laýyklykda 2018-nji ýylyň 1-nji martyndan 1-nji maýyna çenli welaýatyň çäklerinde arassaçylyk we abadanlaşdyryş çärelerini geçirmek hem-de bag ekmek boýunça iki aýlyk ýowar yglan edildi we her hepdäniň şenbe güni ýowar güni diýlip bellenildi.

Şäherleriň we etraplaryň häkimleri, geňeşlikleriň Geňeşiniň arçynlary, ähli edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary raýatlaryň iki aýlyk ýowara işeňňir gatnaşmaklaryny we şu aşakdaky çäreleriň geçirilmegini:

-ilatyň arasynda arassaçylyk we abadanlaşdyryş çärelerini geçirmek barada düşündiriş işleriniň we duşuşyklaryň geçirilmegini;

-raýatlaryň özleriniň ýaşaýan jaýlarynyň daş-töwereginde, howlularynda, melleklerinde, kärende ýerlerinde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerini geçirmeklerini;

-seýilgählerde, bazarlarda, edara-kärhanalarda, gonamçylyklarda hem-de olaryň daş-töwereklerinde, köçelerde we ýanýodalarda arassaçylyk, abadanlaşdyryş, abatlaýyş işleriniň geçirilmegini;

-baglaryň ekilmegini we agaçlaryň timarlanmagyny;

-köçeleriň we seýilgähleriň talabalaýyk yşyklandyrylmagyny üpjün etmelidirler.

Şäherleriň we etraplaryň häkimleri, geňeşlikleriň Geňeşiniň arçynlary şäherleriň we etraplaryň çäklerinde geçirilýän arassaçylyk, abadanlaşdyryş çärelerini yzygiderli gözegçilikde saklap, şäherlerde we etraplarda «Nusgalyk şäherçe», «Nusgalyk oba», «Nusgalyk jaý», «Nusgalyk mekdep», «Iň gowy saglyk öýi», «Iň gowy kärhana» diýen bäsleşikleri guramalydyrlar we bäsleşikde üstün çykanlary baýraklar bilen höweslendirmelidirler.

Welaýat Jemagat hojalygy birleşigi iki aýlyk ýowaryň dowamynda dürli zir-zibilleriň aýrylmagyny, arassalaýjylaryň we ulaglaryň öndürijilikli işlemegini ýola goýmalydyr.

Guduzlama keseliniň öňüni almak maksady bilen, welaýat Jemagat hojalygy birleşigi, welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy hem-de geňeşlikleriň Geňeşiniň arçynlary eýesiz itleri, pişikleri tutmak we ýok etmek boýunça toparlary döretmelidirler. Toparlaryň päsgelçiliksiz işlemekleri üçin degişli gulluklar bilen ylalaşyp, olary zerur bolan enjamlar bilen üpjün etmelidirler.

Welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi, «Daşoguz» döwlet lomaý-bölekleýin söwda firmasy söwda, jemgyýetçilik iýmiti nokatlarynda we daýhan bazarlarynda arassaçylyk we abatlaýyş çärelerini geçirmeli hem-de söwda nokatlaryny tomus möwsümine taýýarlamalydyrlar.

Şäherleriň, etraplaryň häkimleri, welaýatyň Polisiýa müdirligi, welaýat Arassaçylyk we keselle- riň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy, geňeşlikleriň Geňeşiniň arçynlary iki aýlyk ýowaryň dowamynda geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny düzmelidirler we onuň doly ýerine ýetirilmegini üpjün etmelidirler.

Welaýat Saglygy goraýyş müdirligi raýatlaryň saglygyny goramakda arassaçylygyň ähmiýeti barada halkyň arasynda wagyz-nesihat çärelerini guramalydyr.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komiteti, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komiteti, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň iki aýlyk ýowaryna halk köpçüliginiň işeňňir gatnaşmaklary boýunça ilat arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmelidirler we habar beriş serişdelerinde çykyşlary guramalydyrlar.

Iki aýlyk ýowaryň dowamynda geçirilen çäreler baradaky maglumatlary welaýat gazetinde çap etmeklik «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasyna, teleýaýlymlarda görkezmeklik Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň welaýatlardaky Teleradio studiýalarynyň Daşoguz welaýat teleradio studiýasyna tabşyryldy.

Şäher we etrap häkimlikleri iki aýyň dowamynda arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň iş meýilnamalary esasynda geçirilýän çäreler barada goşunda laýyklykda, hepdelik we aýlyk maglumatlaryň aýratynlykda welaýat häkimligine hat üsti bilen berilmegini üpjün etmelidirler.

Şu kararyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek welaýat häkiminiň orunbasarlaryna tabşyryldy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.