2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

HÜNÄR KAMILLIGINI GÖRKEZDILER

Zehinli mugallymlary ýüze çykarmakda hem-de olaryň iş tejribesini giňden ýaýratmakda her ýyl döwlet möçberinde geçirilýän «Ýylyň mugallymy» bäsleşigi aýratyn ähmiýete eýedir. Kenarýaka Türkmenbaşy şäherimizdäki 2-nji orta mekdepde geçirilen bäsleşigiň şäher tapgyryna gatnaşan mugallymlar okuwçylar bilen işjeň, interaktiw usulda multimediýa tagtasynda göreldeli sapaklary geçmek bilen, özleriniň hünär kämilligini we ýokary ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşigiň jemi jemlenende, şäherdäki 6-njy orta mekdebiň biologiýa mugallymy Ýazgül Berdiýewa baş baýraga mynasyp boldy we bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şeýle hem 3-nji orta mekdebiň taryh mugallymy Çynar Durdyýewanyň, 2-nji orta mekdebiň biologiýa mugallymy Ruhyýa Döwletowanyň, 15-nji orta mekdebiň taryh mugallymy Annagül Tekäýewanyň, 5-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Käbegül Işangulyýewanyň sapagy guramaçylykly alyp baryşlaryna. okuw-görkezme esbaplaryny ýerlikli ulanmakda we dersiň mazmunyny kämil beýan etmekde görkezen başarnyklaryna ýokary baha berildi.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

 

Dünýägözel GALPAKOWA,

Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenbaşy şäherindäki ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Geňeşiniň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.