2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

Eneler — Zeminiň bagtyýarlygy

Ene baradaky ýakymly söhbetler olaryň ajaýyp baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde has ähmiýetli mazmuna eýe bolýar we köňüllerde olara bolan hormaty has artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň enelere, gelin-gyzlara goýýan çäksiz hormat-sarpasy olaryň merte- besini belende galdyrýar. Golaýda Ak bugdaý etrap häkimliginiň mejlisler zalynda geçen döredijilik duşuşyk hem mährem zenanlarymyza hormatyň belentdigini äşgär etdi. Onda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň Halkara zenanlar güni mynasybetli bilelikde «Baky bahar-ýaz sen. nesle dowam sen, Zeminiň zynaty mährem zenan sen!» ady bilen yglan edilen bäsleşiginiň jemi jemlendi.

Duşuşyga ýurdumyzyň döredijilik işgärlerinden, ýazyjy-şahyrlaryndan başga-da, welaýatyň bilim we medeniýet işgärleri, ýaşlar, dürli kärlerde işleýän öňdebaryjy zenanlar gatnaşdylar. Duşuşygy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Baýramsoltan Myradowa alyp bardy we döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolan ýazyjy we şahyr zenanlary Halkara zenanlar güni bilen gutlap, olara döredijilik dünýäsinde mundan beýläk hem uly üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiziň zenanlar baradaky aladalarynyň geriminiň giňdigini bellemek bilen, ol öz çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň sekiz we ondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» — diýen hormatly adynyň dakylmagynyň, işewür zenanlara «Zenan kalby» ordenini gowşurylmagynyň bagtyýar enelerimiziň kalbynda çäksiz buýsanç döredýändigini nygtap, zenan mertebesini milletimiziň tugy saýýan döwlet Baştutanymyza ýürek hoşallygyny beýan etdi. Soňra döredijilik işgärleriniň çykyşlaryna giňden orun berildi. «Galkynyş» gazetiniň edebi işgäri Leýli Gurbanowa durmuşymyzyň zynaty eneler barada: — Kalbymyzyň mydama ýaş-joşgunlydygy barada aýdylanda, bu ruhy ahwalat diňe eneleriň mähri bilen baglanyşdyrylsa, ýerlikli bolar. Men enemiň elinde ösüp-ulaldym. Enem meniň üçin ejemiň ornuny tutan mähribanymdyr. Onuň öwütleri maňa mydama goltgy, teselli bererdi. Bu häzirem şeýle. Eneleriň hemişe tagzyma mynasyp ynsanlardygyny aýratyn nygtasym gelýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň zenanlar baradaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwürmegi, biz zenanlary dünýäniň iň bagtyýar ynsanlary hökmünde diýseň buýsandyrýar. Eneleri sylap, olary mertebe tugy hökmünde ezizleýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun! — diýip, ýürek buýsanjyny beýan etdi.

«Garagum» žurnalynyň edebi işgäri Nurtäç Annamuhammedowa bu bäsleşige «Enemlere barýan ýol» atly makalasy bilen gatnaşandygyny aýdyp, eneleriň durmuşdaky orny barada has giňişleýin durup geçdi. Ol ene öwütleriniň her bir adam üçin çelgi bolýandygyny buýsanç bilen belledi. Ene öwüdi gursagynda orun alan žurnalist zenan, enelerine barýan ýoluň iň bagtyýar ýoldugyny beýan edýän makalasynda ýaşlaryň ahlagy, ulyny sylap, kiçä hormat goýmalydygy ýaly meseleler babatda hem durup geçendigini belledi. Ol hormatly Prezidentimiziň enelere, zenan mertebesine goýýan gadyr-gymmatynyň kalbynda çäksiz hoşallyk duýgularyny döredýändigini buýsanç bilen beýan etdi.

Şahyr, Gökdepäniň pagta egriji fabriginiň hünärmeni Gülälek Nurberdiýewanyň çykyşy hem tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Ol öz şygyrlary barada aýdyp, türkmen şygryýetinde eneleriň waspynyň uly orna eýedigini belledi. Döredijilik bäsleşikleriniň zehini taplaýan we täze gözleglere ruhlandyrýan synagdygyny bellän şahyr, metbugatda yglan edilýän şeýle bäsleşikleriň ýaşlar üçin hem, halypalyga ýeten döredijilik işgärleri üçin hem juda wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasyna berýän ünsi barada aýratyn durup geçmek bilen ol milli Liderimize türkmen şygryýetiniň we edebiýatynyň galkynmagyna giň ýollary açyp berýändigi üçin ýürek hoşallygyny aýtdy.

TDP-niň welaýat komitetiniň işgäri Kümüş Mätnyýazowanyň çykyşynda bolsa, gaýyn-gelin gatnaşyklaryna aýratyn orun berildi. Ol özüniň «Mähribanym, jan enem» atly hekaýasy barada aýdyp, adamkärçiligi bilen gelniniň göwnünde eje mynasybetine eýe bolan nurana türkmen zenanynyň hemmeler üçin nusgalyk enedigini belledi. Ol çykyşyny eneler we gaýyneneler baradaky ýakymly söhbetler bilen utgaşdyrdy hem-de döwlet Baştutanymyzyň aýal-gyzlara hormat goýup, olaryň mertebesini belende galdyrmakda ägirt uly işleri edýändigine köňül alkyşyny buýsanç bilen aýtdy.

Soňra bäsleşigiň ýeňijileri sylaglandy.

Bäsleşikde «Baldyz bagtyýardyr, ýeňňe ýeg bolsa», «Gaýyn öýüm — gut öýüm» atly makalalary üçin Dursun Tek ýewa birinji, «Siz bahara, bahar size meňzeýär», «Gül göwünli boýdaşym» atly makalalary üçin şahyr Dürnabat Aşyrowa ikinji, eneler baradaky goşgular toplumy üçin şahyr Leýli Gurbanowa hem-de «Enemlere barýan ýol» atly makalasy üçin žurnalist Nurtäç Annamuhammedowa dagy üçünji orunlara mynasyp boldular Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa işjeň gatnaşan döredijilik işgärlerine we höwesjeň ýazarlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

 

Akgözel HOJALIÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.