2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

TÄZELIKLER

Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Farap etrap geňeşiniň guramagynda Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýyly mynasybetli bilim işgärleriniň gatnaşmaklarynda etrabyň taryhy ýadygärliklerine gezelenç guraldy.

          Mirasgärler we muzeý işgärleri etrabyň taryhy bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlary gürrüň berdiler. Taryh mugallymlary Osty galasy bilen baglanyşykly ýazan ylmy işleriniň mazmuny we mekdep okuwçylary bilen ýadygärlikleri öwrenmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada gezelenje gatnaşanlary tanyşdyrdylar.

          Gezelenjiň dowamynda etrabyň çäginde ýerleşen suw ötükleri we olaryň ähmiýeti barada hem gyzykly söhbet edildi, il sylagy ýaşulular öz obalarynyň taryhy bilen baglanyşykly gyzykly rowaýatlary gürrüň berdiler.

 

          Türkmen gündogary gazeti




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.