2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

Ýaşlary sporta çekýäris

        Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ösüp gelýän ýaş nesillerini sagdyn durmuş ýörelgesine gönükdirmek ugrunda köp işleri amala aşyrýar. Ýaşlarymyz  üçin döwrebap, häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilen sport desgalary,mekdepleri gurlup, halkyň hyzmatyna berilýär. Ýurdumyzyň diňe bir şäherlerinde däl, eýsem, çetki obalarynda hem sport bilen meşgullanmaklyga giň mümkinçilikleriň döredilmegi sporty geljegi hökmünde saýlap alýan ýaşlaryň sanynyň köpelmegine, sagdyn jemgyýetiň kemala gelmegine şert döredýär. Halaç etrabyndaky 3-nji sport mekdebine hem ýaşlar uly höwes bilen gatnaýarlar we tejribeli, ýokary derejeli tälimçilerden tälim alýarlar. Täze zehinleri ýüze çykarmak, ýaşlary sporta höweslendirmek, olaryň ukyp-başarnyklaryny has-da kämilleşdirmek maksady bilen bu ýerde sport ýaryşlary yzygiderli  geçirilýär. Ýakynda ady agzalan sport mekdebinde kärdeşler arkalaşyklarynyň Halaç etrap birleşmesiniň hem-de Halaç etrap sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň bilelikde guramaklarynda Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylyna bagyşlanyp „Berkarar döwletiň sporta sporta höwesli ýaşlary“ ady bilen ýaryş geçirildi. Oňa etrabymyzyň sport mekdeplerinde tälim alýan ýokary synp okuwçylary gatnaşyp, woleýbol boýunça öz aralarynda bäsleşdiler. Biri-birinden ussat türgenler özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler we ýurdumyzda ýaşlaryň sporta bolan höwesiniň barha artýandygyny subut etdiler. Duşuşyklar çekeleşikli we täsirli geçdi.

        Netijede 3-nji sport mekdebiň türgenleri birinji, 2-nji sport mekdebiň türgenleri ikinji, 10-njy sport mekdebiň türgenleri bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşige gatnaşan türgenlere birleşmämiz tarapyndan taýýarlanan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Gatnaşyjylary goldamaga gelen ildeşlerimiz ýaşlaryň sport bilen yzygiderli meşgullanyp bilmekleri, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň halk arasynda giňden ornaşdyrylmagy, ussat türgenleriň dürli sport bäsleşiklerine gatnaşyp, özleriniň barha kämilleşmekleri babatda giň mümkinçilikleri döredýändigi üçin hormatly Prezidentimize sagbolsun aýtdylar.

 

Berdimyrat Rozymyradow,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Halaç etrap birleşmesiniň baş hünärmeni.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.