2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

ÝAZ EKIŞINE TAÝÝARLYK GÖRÜLÝÄR

Babadaýhan daýhan birleşigi boýunça «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda pagtaçy kärendeçiler 2940 gektar meýdana gowaça ekip, bol hasyl ýetişdirmegi maksat edinýärler. Gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, keş çekmek, pel çekmek işleri toparlaýyn usulda ýerine ýetirilýär. Sürüm, tekizleyiş işleri tamamlanyp barýar. Ekin ekiljek meýdanlarda topar ýolbaşçylarydyr kärendeçiler akabalaryň, zeýkeşleriň töwereginde bitýän haşal otlardan, guran çöplerden ekin meýdanlaryny arassalaýarlar. Bu işlerde Myratgeldi Germanowyň ýolbaşçylyk edyän 13-nji toparynyň, Akmyrat Gurbanöwezowyň ýolbaşçylyk edýän 6-njy toparynyň we Hakberdi Resulowyň ýolbaşçylyk edýän 3-nji toparynyň agzybir kärendeçileri has-da öňe saýlanyp, aýratyn tapawutlanmagy başardylar.

 

Annajemal MOÝTYÝEWA,

Babadaýhan etrabyň «Täze ýol» daýhan birleşiginiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.