2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

OBASENAGAT TOPLUMYNYŇ ŞU GÜNLERDÄKI ALADALARY

Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumyny ösdürmek barada uly işleri durmuşa geçirýär. Häzirki wagtda biziň Lebap welaýatymyzda hem obasenagat toplumyna degişli kärhanalaryň birnäçesi halka hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman ýyladyşhana hojalyklarynyň işini ýola goýmaga, döwrebap ýyladyşhanalary gurmaga, sebitlerde ýeralma, sogan we beýleki gök ekinleri we bakja ekinlerini köpçülikleýin ekmäge we halkymyzyň bereketli desserhanyny ýylyň ähli paslynda ter önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge gönükdirilen çärelere badalga berildi. Türkmenabat şäherinde gurlan uly ýyladyşhanada-da bu ugurda göreldeli işler alnyp barylýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň üns-aladalaryndan ruhlanan lebaply babadaýhanlar ýokary zähmet netijelerini gazanýarlar. Welaýatyň ekerançylyk ýerleriniň suw we dökün bilen üpjünçiliginiň ýylsaýyn gowulanmagy daýhanlaryň bol hasyl ýetişdirmegi üçin amatly şertleri döredýär. Welaýatyň Ýylgynagyz düzlügindäki baş suw akabasyndaky kuwwatly häzirki zaman suw göteriji hem daýhanlar üçin edilen ýerine düşen işleriň biri boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly agrar syýasatynyň barha rowaçlanmagy netijesinde, ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň köp görnüşleriniň ýylyň dowamynda öndürilmegi üçin zerur bolan mümkinçilikler döredilýär. Hususan-da, her bir sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ekinleriň ekilmegine, ýerleriň melioratiw we gurplulyk ýagdaýlarynyň yzygiderli gowulandyrylmagyna, ekin dolanyşygynyň ylmy esasda amala aşyrylmagyna, tohumçylyk-seleksiýa işiniň alnyp barylmagyna. ekerançylygyň häzirki zaman kämil tehnologiýalarynyň we milli daýhançylygymyzyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyna, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň senagat taýdan işlenilişiniň toplumlaýyn ulgamlaryny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär.

Ekinlerden bol hasyl almakda Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlardan satyn alyp beren kuww'atly tehnikalary daýhanlaryň daýanjy bolup durýar. Şol tehnikalaryň hemişe saz we bökdençsiz işlemegi üçin Türkmenabat tejribe-synag abatlaýyş zawody, Türkmenabat üpjünçilik kärhanasy,

Türkmenabat — tejribe-abatlaýyş zawody, Türkmenabat bejeriş-üpjünçilik kärhanasy uly işleri alyp barýar.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň tertipnamalaýyn işleriniň esasy ugurlarynyň biri bolan zähmetkeşleriň iş öndürijiligini ýokarlandyrmaga, öňdebaryjy iş tejribäni hemmetaraplaýyn goldamaga, ýaşlaryň arasynda arassa we döredijilikli zähmeti wagyz etmäge. agzybirligi ündemäge gönükdirilen çäreler yzygiderli geçirilýär.

Ýylyň-ýylyna gowaça ekişini gysga möhletde ýokary hilli geçirmek, daýhanyň maňlaý deri bilen ýetişdirilýän bol pagta hasylyny gysga möhletlerde ýitgisiz ýygnap almak, döwlet öňündäki şertnamalaýyn borçnamalara abraý bilen hötde gelmek üçin uly tagallalar edilýär.

Möhüm ähmiýetli oba hojalyk işlerine goşant goşmakda Türkmenistanyň Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäherindäki ilkinji guramalarynyň Geňeşi we onuň tabynlygyndaky ilkinji guramalar öz tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. Häzirki günde Geňeşiň garamagynda umumylykda 6307 agzasy bolan 33 sany ilkinji gurama bar. Bu guramalaryň aglabasy pudagyň iri gaýtadan işleýiş kärhanalarynyň ilkinji guramalarydyr. Olaryň arasynda Türkmenabadyň ösümlik ýag kärhanasy, 1-nji, 2-nji, 3-nji çörek zawodlary, iri oba we suwhojalyk, suwgurluşyk edaralary bar. Oba hojalyk önümlerini öndürip, päk zähmetiň eşretini görüp ýaşaýan daýhanlar pagtanyň, bugdaýyň öndürilişini artdyrmak, hasylyň ýokary hilliligini gazanmak, toplumyň gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň zähmetkeşleri ene toprakdan öndürilýän önümleri ýokary hilli gaýtadan işlemek arkaly döwrebap azyk önümlerini ilatymyza ýetirmek ugrunda aladalanýarlar we döredilýän giň mümkinçilikler we şertler üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna çäksiz alkyş aýdýarlar.

Ata Watanymyzy belentden-belent ösüşlere, merdana hem zähmetsöýer halkymyzy bagtyýar durmuşa ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun!

 

Jumagül AÇYLOWA,

Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäherindäki ilkinji guramalaryň başlyklaryň Geňeşiniň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.