2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

ÇAR TARAPA UZAÝAN ÝOLLAR

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen eziz Watanymyzda dünýä ähmiýetli işler yzygiderli amala aşyrylýar. Dünýä halklarynyň bähbidini nazarlaýan iri halkara taslamalar durmuşa ornaşdyrylýar. Şeýle iri taslamalaryň biri hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasydyr.

Uzynlygy 1840 kilometre barabar boljak gaz geçirijisiniň taryhy hem-de sebitleýin ähmiýeti örän uludyr. Bu gaz geçirijisi öz gözbaşyny «Galkynyş» gaz käninden alyp gidip, ol Hindistanyň Fazilka ilatly nokadyna çenli baryp ýeter.

Iri halkara taslamalaryň durmuşa ornaşdyrylmagynyň diňe bir degişli döwletler üçin däl, eýsem tutuş sebit üçin hem ähmiýeti bardyr. Bu işleriň ählisi mähriban Arkadagymyzyň hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrýandygyndan habar berýär.

Dünýä halklary bilen parahatçylykly, dost-doganlykly gatnaşyklary ýola goýup, sebitiň bähbidini nazarlap, ençeme işleri amala aşyrýan Arkadag Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir.

 

Permanmyrat Hallyýew,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Oguzhan etrap birleşmesiniň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.