2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

BAÝLYGY EGSILMEÝÄN HAZYNA

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ylymly-bilimli, giň gözýetimli, ahlak taýdan arassa, ynsanperwer ýaşlary taýýarlamak we terbiýelemek halkymyzyň bagtyýar zamanada ýaşamagynyň esasy çeşmesidir. Döwletimizde döwrebap, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim ojaklarynda okaýan, öwrenýän ýaş nesilleriň ümzügi ileri. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bilim berilmeginiň hilini ýokarlandyrmak üçin bilim ulgamyna ösen tehnologiýalar girizilýär. Bu bolsa ýaş nesliň kämil, ruhubelent bilim almagyna ýardam berýär.

Akyldarlaryň biri şeýle diýipdir: «Baýlygy, genji-hazynany bölüşdigiňçe egsilmek bilen bolýar. Emma şeýle bir baýlyk bar, ony näçe paýlasaň, ol şonça-da artar. Ylym egsilmeýän bir hazynadyr».

Elbetde, ylym-bilim — ynsan dünýäsiniň baýlygy. Goý, ylym-bilim basgançagy bilen barha belentliklere göterilýän mukaddes Watanymyzyň her bir güni, aýy, ýyly uly üstünliklere beslensin! Biz, bilim işgärlerine yhlasly zähmet çekmäge, ýaş nesilleriň zehinini açyp görkezmäge ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyşymyz egsilmezdir.

 

Bahar Kakabaýewa,

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 26-njy orta mekdebiniň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy

 




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.