2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

ÝAGŞYLYK ETDE DERÝA AT...

Ýagşylyk ynsan ömrüne nur bolup çaýylýar. Ýagşylyk eden soň ony derýa atan ýaly ýadyňdan çykarmaly. Ata-babalarymyzyň aýtmaklaryna görä ýagşylygyň üçinem, ýamanlygyň üçinem hakyňy şu dünýäde bererler. Goý, ynsan ömürlerini ýagşylyklar bezesin!

Paýhasly ata-babalarymyzyň hekaýatlarynda ýagşylyk barada şeýle diýilýär.

Bir patyşanyň görmegeý, şadyýan, sowatly, terbiýeli guly bar eken. Patyşa bu guly gowy görüp, ogullyk alýar we öz çagalary ýaly eý görýär. Bir günden bir gün patyşanyň oglunda suwda ýüzmek höwesi döreýär. Guwwaslar çagyrylyp, oňa suwda ýüzmegiň tärleri öwredilýär. Oglan ýüzmäni gowy öwrenmänkä çagalyk edip, guwwaslara duýdurman özüni suwa oklaýar. Çasly akýan suwa hötde gelip bilmän, ol özüni suwuň ygtyýaryna beripdir we akymyň ugry bilen ýüzüp gidipdir. Suw sanlyja wagtda oglany ummadan çykarypdyr. Derýanyň kenarynda birgiden çukanak bar eken. Oglan güýjünde baryny jemläp şol çukanaklaryň birine özüni atypdyr. «Oglan suwa gark boldy» diýenlerinde, patyşa tagtyndan düşüp, özüni lampa ýere goýberipdir. «Kimde-kim oglany öli ýa diri alyp gelse, müň dinar baýragy bar» diýipdir. Guwwaslar näçe gözleselerem oglany tapmandyrlar. Ýedinji gün diýlende guwwaslaryň biri oglanjygyň oturan çukanagynyň üstünden barypdyr. Ol oglany görüp begenipdir we: «Sen bu ýerde otur, gaýyk alyp geleýin» diýipdir.

 Ol patyşanyň ýanyna gelip «Ýa, hökümdarym! Oglany diri alyp gelsem, sen näme berersiň?» diýipdir. Patyşa: «Bäş müň dinar bererdim» diýipdir. Şeýlelikde, oglan patyşalyga getirilýär. Patyşa şol halatda guwwasa wada eden puluny berýär. Soňra wezir-wekillerini çagyryp, patyşalygyň hazynasynyň ýarsyny garyp-gasarlara paýladýar. Soňra patyşa «iýmek, içmek getiriň, ol ýedi gün bäri açdyr» diýip gygyrypdyr. Şonda oglan». «Ýa hökümdarym, men ýedi günläp aç bolmadym. Her günde suwuň ýüzi bilen içi çörekli bir tabak akyp geldi durdy. Men ugruny tapyp, şol çörekleriň iki-üç sanysyny tutup, şolar bilen oňdum, her çöregiň ýüzünde-de «Muhammet ibn al-Hüseýin al-Eskaf» diýen ýazgy bardy» diýip jogap beripdir. Patyşa: «Derýa çörek atan adam kimem bolsa gorkmasyn-da gelsin, oňa bir ýagşylyk etmekçi» diýip jar çekdiripdir. Ertesi bir adam gelip: «Şol diýilýän-ä men bolmaly, her çöregiň ýüzünde ýazylan «Muhammet ibn al-Hüseýin al-Eskaf» adymyň barlygy bolsa meniň subutnamamdyr» diýipdir. Soňra ol özüniň bir ýyldan bäri derýa çörek oklaýanyny we özüniň ýagşylyk edere başga hiç zadynyň ýokdugyny, «Ýagşylyk et-de derýa at, balyk biler, balyk bilmese halyk biler» diýen nakyla eýerip, başaranja zadyny edendigini aýdypdyr.

Patyşa: «Sen eşiden zadyňy edipsiň we haýyr tapypsyň» diýip oňa bir mülk bilen bäş oba bagyş edipdir. Ol kişi mülküne barypdyr we hormatly adamlaryň hataryna goşulypdyr...

Ine, şu hekaýatdan görnüşi ýaly, bir kişiniň eden ýagşylygynyň sogaby bir kişä däl, müň kişä ýetipdir. Hem guwwas, hem garyp-gasarlar, hem ýagşylyk edeniň özi ýalkanypdyr. Muhammet pygamber «Ýagşylyk öwreden adam ýagşylyk eden bilen deňdir» diýipdir.

Ýagşylyk ediň, adamlar, ýagşylyk Siziň ömrüňize ýaz ýaly ýalkym saçar! Ýagşylyk ýaranyňyz bolup, gazananyňyz toýa ýarasyn!

 

”Kowusnama” kitaby esasynda taýýarlan

Oguljuma Kiçiýewa,

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap medeniýet merkeziniň işgäri, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.