2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

MILLI MIRASA SARPA

Türkmeniň bäş müňýyllyk taryhyna nazar aýlanyňda, mukaddes topragymyzda dünýäniň ösen medeniýetine ägirt uly goşant bolan ähmiýetli wakalaryň bolup geçendigini görýärsiň. Bu toprakda ylmyň, medeniýetiň, sungatyň gülläp ösendigini dünýä jemgyýetçiligi, ylmy jemgyýetçilik bir eyýäm ykrar etdi. Geçen şöhratly ýyllaryň dowamynda ýüzlerçe gülläp ösen döwletleri bilen meşhur bolan biziň ata- babalarymyz ylmyň we durmuşyň ähli ugurlarynda görlüp-eşidilmedik ösüşleri gazanypdyrlar. Çünki şeýle ösüşler bolmasa, gülläp ösen döwletleri gurmak hem mümkin bolmazdy. Gadymy Oguz türkmenleriniň, Parfiýa döwletiniň, Seljuk, Osmanly türkmenleriniň döwletleri dünýä taryhynda öçmejek yz galdyrdy. Şeýle bolansoň, Türkmenistanyň taryhy Hytaýyň, Mesopotamiýanyň, Müsüriň taryhy bilen deň hatarda goýulýar we öwrenilýär.

Taryhymyzy öwrenmekde we dünýä ýaýmakda häzirki döwürde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ähli işlerde bolşy ýaly, il-ýurt bähbitli şeýle asylly işlerde hem Gahryman Prezidentimiz görelde bolýan başlangyçlary bilen çykyş edýär. Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp kitaby şöhratly taryhymyza goýulýan belent sarpadan nyşandyr, ata-babalarymyzyň nesillere galdyran mirasyna, milli däp-dessurlarymyza, halk döredijiligine, halk pähim-paýhasyna goýulýan hormatyň ýüze çykmasydyr. Bu eser çuňňur many-mazmuna eýedir. Onda taryhy maglumatlara hem-de halk döredijiliginiň eserlerine salgylanyp, türkmen taryhynyň şöhratyny has-da artdyrjak ylmy netijeler öňe sürülýär. Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny janlandyrýan maglumatlar, rowaýatlar bolsa, taryhymyza şu günüň nazaryýeti bilen garamaga giň ýol açýar.

Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp kitabyndan halklaryň dostlugy hakyndaky pikir hem eriş-argaç bolup geçýär. Şonuň üçin bu kitap terbiýeçilik taýdan hem diýseň ähmiýetlidir.

 

Kakamyrat RÄHMEDOW,

«Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.